| Mazmuny:Ýalòyºyò muzdy (hekaýa)
              "Mergenli gaýa" hekaýaty (hekaýa)
              Horasanyò durnasy (hekaýa)
              Ak kebelek (hekaýa)
              Aýdylmadyk sözüò manysy (hekaýa)
              Durnam, düzül (hekaýa) 
 Tymsallar   At bilen Itiò söhbeti  At bir
            gezek Itiò göwnüne degipdir. “Sen aç-hor bolsaò, gapy-gapy
            aýlanyp, seòkildäp ýörsüò. ªonuò üçin adamlar “It arrygy bolma, at arrygy
            bol” diýýärler. At aç-hor bolsa-da, öz eýesiniò gapysynda durýar. Muny adamlar
            ºonuò üçin aýdýarlar. Bildiòmi!” Bu ýakymsyz söz Itiò içinden ok bolup geçipdir. ªonda-da ol mertlige salypdyr-da,
            Ata ºeýle jogap gaýtarypdyr: “Seniò ol aýdýanyò jany bar,
            At aga. Ýöne sen ýene-de bir zady bilip goý. Sen ikiýüzli. Seni satsalar, sowgat
            etseler ýa-da ogurlap alyp gitseler, tapawudy ýok, garaz, üstüòe kim münse, sen
            ºonuòky bolaýýaò. Men lebzi bütin. ªonuò üçin maòa adamlar “It - wepa”
            diýýändirler”.
 Piºik syçany synaýar Bir gezek piºik jaýyò burçundaky deºikden çala kellesini görkezip,
            gözlerini ýyldyrdadyp duran syçana ýüzlenipdir:- Syçan dost, bilýäòmi näme?
 - Hä, näme?
 - Eger sen ºol deºikden çykyp, ine, ºu deºige girseò, saòa ýüz tümen para
            bereýin.
 - Ýüz tümen!
 - Hawa, ýüz tümen. Aralygam ýakynja. Ynha, seret.
 - Ara ýakyn-la, ony bilýän, ýöne para daº - diýip, mekir syçan jogap beripdir.
 Tilki bilen ªagal Gep bilen duzlamaly bolsa iki paý berlen ýaly bolup ýören Tilki bu gezek ªagaldan
            utulaýdy. Ol gyssanyp barýan ºagaly saklady-da, gepe güýmejek boldy:- ªagal ºepe, nirä haýdap barýaò-ow?
 - Bazara barýan. Hä, näme boldy?!
 - Aý, hiç, ýöne seò ýalakyò nä köri bar?
 - Aýlanar göreris, belki, alarys-satarys. Ýör senem gitseò, Tilki dost - diýip,
            ªagal oòa sypaýçylyk etdi. Tilki welin tumºugyny asmana dikdi-de, ýene uly gepledi:
 - Aklyò kem-ow seniò, ªagal jan. Bazara sen git. “Tilkiniò müò bir sapalagy bar,
            ºonuò içinde iò gowusy görünmezlik” diýip eºitmänmidiò.
 - Eºidipdim, eºidipdim.
 - Eºiden bolsaò näme beý diýýäò?
 - Onyò dogry, Tilki dost, ýöne bilip goý, özüò Tilki bolsaò, bazara özüòden
            öò deriò barar.
   |