| DURNAM, DÜZÜL (hekaýa) Meýdan melewºe ºöhläniò düýbünde. Kamaty ýagty sähralyk. Asmanda göçi
            bölek-bölek bölünen guºlar... Meniòem dünýämden nämedir bir zat bölünip
            gidýär-de, ºol guºlaryò hataryna goºulýar. Ynsan diòe biri-birinden däl, özi
            özündenem aýra düºýän ekeni. Ozallar biziò ýanlarymyzda gowaçany gaýradan geçýän kanalyò aòyrsynda
            ekerdiler. Kanala çenlem obadan on bäº kilometr gitmeli. Kolhozçylar ekiniò üstüne
            göçüp gidenlerinden soò, köp wagt geçmänkä, bizi-de mekdepden ýörite maºyn
            bilen meýdana gatnadyp baºladylar. Kiçi klasdakylar okaýarlar, biz ululara
            kömekleºmeli.  Posýolokda ýaºasagam, golaý bolany üçin men kolhozyò mekdebine giripdim. ªonuò
            üçin jigilerimiò arasynda-da meniò ýörgünli adym “kolhoznik”. Diýse
            diýibersinler, olar obadaky hezilliklerden, meniò syrlarymdan bihabar.  Pagta gidilýän günler meýdan düºelgede men Merdanlaryò öýünden
            girip-çykýardym, dagy näme, ol meniò klasdaºym. Gatnaýmagam aòsat däl.  Biziòki hezil. Merdan ikimiz-ä eºege atlanýarys. Jumaºam welosipedine. (Jumaº
            Merdanyò inisi, altynjy klasda okaýar, biz eýýäm sekizinjä geçipdik). Iò çetki,
            gawunlyga golaý karta düºerdik welin, günüò nähili geçenini bilip bolanok. Ine, bu
            günem ozalkyja düºýän ýerimize gelip, Merdanyò aýdyºy ýaly, “ýük
            ýazdyrdyk”. Eºegem örkledik... - Ýakup, ºu gije bizde galýaò gerek? - Hawwa. - Onda ertir irden turup, gawun iýeli, edil morožnyý ýaly bolýar-eý. - Aý, irdenem bir gawun bor-maý? - E-eý, gaýtam, gyºda-da ýoòlasaò, sowuk gawun iýdirýärler. Derrew
            açylaýýaò. Merdan geldi. Onuò ºol bolºy, uly adam ýaly gülmäni oòat görýär-dä.
            Jumaºyòam iºi-piºesi oòa azar bermek. - Jumaº, hany, lakgyldamaòy bes et. Bar, sen aýratyn ýyg, ýogsam, bizem ýygmaga
            goýmarsyò. - Ýygybersen-aý, saòa zat diýýän bamy... Petiº howada ºol eglip, hasyrdap ýörmek tiz ýürege düºdi. Merdan-a kän
            geplänogam. Hernä, Jumaº geläýdi. Töweregimizde köw-söw eden bolup ýör. Ol
            birdenkä ikimiziò aramyzdan ylgap geçdi-de, ýapyrylyp, keºiò içi bilen ep-esli
            ýere ylgap gitdi. Ho-ol, aòyrda haha-haýlap gülýär. - Näm bold-aý oòa?... Eý, näm boldy?! Ol jak-jaklap gülüp, aòryk gitdi, gaýtam:  - Aý, deýýus, bir oýun-a çykarjak bolýar... - diýip, Merdan hüòürdedi. ªu
            ikarada bir ýerden-ä hozanak peýda boldy. Näçe kowaý, eger-eger. Gulagyò düýbüne
            gelip, hyzzyldap dur, ýürege-bagra düºdi. Fartugymyzy dolduryp, goºa gelenimizde
            Jumaº bizi görüp, ýene güldi:  - Eý, hozanaklary size goýup, gaçdym-aý. Hezil berendirler, hä? - diýdi-de,
            gülüp-gülüp, heziller edindi. ...Atyzyò gyrasyndaky pazyllardan terne çöpläp, ýene-de kartanyò içine girip
            gitdik. Gowaçanyò gür ýerinde geçen gezek galdyryp giden belligimiz agaryp göründi.
            Üçimizem ºol bir penje ak pagtaò görünýän ýerine ýöneldik. Übtük uly. Oòa
            barha golaýladyk. Jumaº maòa gözüniò gyýtagyny aýlady-da, öòe okduryldy. Menem
            eòdim. ªol bir penje pagtany her kim öò aljak, alahasyrdy. Merdan welin, näme
            üçindir, ters ugra ylgap gitdi. Jumaº ikimiz übtügi ýolmalaºdyryp, paýlaºdyk.
            Töwerege seretsek, Merdan ho-ol, birýan çetde somalyp dur. - Näm boldaý-eý - diýip gygyrýar. Asyl, ol nämäniò nämedigine düºünmän
            gaçmalydyr öýdüpdir. Ol biziò masgaralaýjy gülkimize çydaman öýkeläp gitdi... Gün ýaºar uçurlary. Uzyn-uzyn ýaºyl gamyºlaryò ýokarsynda durna hatary
            göründi. Dünýä owazly. Jumaºam asmana garap, yzyny üzmän gygyrýar: - Durnam, düzül, gökde üzül... Durnam, düzül!... Meniò ýüregim ýylap, göwnüm küýlendi. Ýyllar geçer, onsoò bizem bu
            ýerlerden gideris... Biz ozallaram ºu ülkede ýaºandyrys. Gitsegem ahyr bir gün ýene
            geleris. Ýylgynyò gülüniò owadanlygyny. Gülgüne. Jahanyò ýaglygy ýaly... Siz
            Jahany tanaýan dälsiòiz. Ol onunjyny gutardy. Ýekeje sapar onuò gözlerine seredip
            gördüm... Men näme üçin goºgy ýazamokkam? ªu gije hökman ýazaryn. Tizräk
            garaòky düºsedi. Oglanlar görse güler. Göwnüme, nur ýagyp duran ýaly. Ruhum joºly. Men özümiò özgerýändigimi çala
            aòlaýardym.  ...Ahyry bary gutardy. Hiç kime görkezmän, depder-galamymy ýakamdan saldym.
            Merdanyò ejesine ýalbaryp-ýalbaryp, tamyò üstünde ýatmaga zordan rugsat aldyk.
            Aýakçydan goranmak üçin aºakdaky köne gap-gaçlarda-da tüsse etdik. Irgözinden
            ýorgana sümüldik, ýogsam, Merdanyò kakasynyò gelip, düºüräýmegi ahmal. Giç
            geldi, hernä, zat diýmedi. Merdan “Tom Soýeriò baºdan geçirenleriniò” yzyny gürrüò bermäge baºlady.
            Jumaº ýene onuò gaharyny getirdi-dä, tersine tutup. Men Ýedigene seredip ýatyryn. Oglanlar uklady... Arº-asmanyò göýä perdesi
            syryldy. Baglyk ýeriò suraty göründi meniò gözlerime. Bu zatlar çynmyka!... Ak
            guºlar uçup-gonýar... Jahan... Ol bir agajyò ºahajygyndan tutup, baºga bir ýana
            seredip dur. Aºak oturýar. Indi ony tanar ýaly däl, gözleri ºol gözler... Saçlary
            zire-zire. Wiý! Taryh kitabymyzdaky gelniò - madonnanyò keºbinde bäbek emdirip otyr,
            ol... Men utanjyma ýorgany ýüzüme çekdim. Beýläme öwrüldim, kagyz-galam öòümde.
            Galamymy çeýnäp ýatyryn, hiç zat ýazyp bilemok. Bolanok... Düºelge. Garºyma-garºy gurlan iki hatar jaýlaryò hemmesi bu ýerden oòat
            görünýär, sebäbi biziò bolýan jaýymyz olaryò iò çetkisi. Ymykly uklamakçy
            bolup, ýerime girenimem ºoldy welin, jaýlaryò biriniò gapysy açyldy. Daºary çykan
            gyzyò elinde onluk çyra. ªol jaýdan ýene bir gyz çykdy. Baºga bir jaýyò gapysy
            açylyp, ondanam... Garaz, alty gyz tegelenip otyr, ortada iki çyra. Men döºümi
            ýassyga berip, olary synlamaga durdum. Jahanam geldi... Bir zatlar diýip
            gülüºýärler. Merdanyò böwrüne dürtdüm, tursun, ýogsam, ertir gürrüò bersem,
            ynanjak gümany barmy? Oýanmady. Oýanmanam gowy bolupdyr. Gyzlaryò biri läle aýtmaga
            baºlady, beýlekilerem alyp göterdi. Olaryò owazy meniò ýaòky synlan arº-asmandaky
            dünýämden gelýän ýaly... ...Gaýra-gaýraly göwnüm-ä,Peýkam ýaraly göwnüm-ä.
 Gülüp-oýnap, ºat bolmaz-a
 Ýardan aýraly göwnüm-ä.
 Degirmen ýoly kötel-ä,Gaçdy, ýaglygym göter-ä...
 Haýranlar galyp, seredip ýatyryn. Merdany ýene dürtdüm, oýanmady. Garry enemiò
            aýdan sözleri ýadyma düºýär, ºol wagt: “Aý aýdyòdyr, süýt ýaly, gyzlar
            oýnar, gurt ýaly”. Olar cyranyò birini alyp, düºelgäniò ilersindäki uly ýaba ugraberdiler. Suwa
            düºjeklermikä? Biraz oýlanyp, karara geldim: “Synlaýyn”. Topbak gamºyò gapdalynda ºol ýana giden dört gyzyò sudury. Olaryò pyºyrdysy
            suwuò ºelpe-ºelpe ºabyrdysyna, gamyºlaryò ygºyldysyna garyºyp gidýär. Aýyò
            zolagyna olaryò diòe kelleleri garalyp görünýär, bir bölek ördek-gaz suwda
            ýüzüp ýören ýaly... Süýºenekläp ýorgana girdim-de, mäkäm dolandym. Ertir men nädip olaryò
            ýüzüne serederin?! Gyzlar öýli-öýlerine girip gitdiler. Meniò ýüregim gürsüldedi durdy: “Bu
            nähili agºam?! Düýºümmikä?”  Ýene asuda gijä, hatar jaýlara göz aýladym. Tötänden görüp galaýdym, Jahan
            öz tamlarynyò gapysynyò agzynda dur. Aòyrrakdanam bir gara göründi. Meniò ýüregim
            sarsyp gitdi. Ol Baýram bolmaly. Edil özi, klasdaºy, traktorçy... Basym toý
            etjeklermiº diýip eºidenim ýadyma düºdi. Çyn ekeni... Ol Jahanyò elinden tutdy.
            Men ýatan ýerimden öòe omzadym. Gürlänoklar. Gujaklaºdylar... Men ýene-de öòe
            omzan ekenim. Elim bir boºluga giden ýaly boldy, zordan “A-a-a...” diýmäge
            ýetiºdim. Ýere güpläp düºdüm, agzym-burnum gumdan doldy... Gülkünç, nätjek-dä! Daºary ylgap çykdylar. Oglanlaram oýanypdyrlar. (Olar ýatyp turýança, meniò
            dünýämde, gör, nähili üýtgeºiklikler bolup geçipdir). Elim döwüldi. Gipsli
            gezdim ýördüm. Baýram bilen Jahanam ýörite gelip, halymy sorap gitdi. “...Ýakup
            tamdan ýykylypdyr, düýºürgän bolmaga çemeli. Çaganyò eli döwüldi-dä...”
            diýip gürrüò edýärler. Ýok, ýok! ªol gözel agºam meniò elim däl-de, baºga
            birzat, ine, ºu ýerimde - kükregimiò içinde baºga bir zat döwüldi... ªondan soò
            men baºga bir adam bolup gitmedimmi näme?! Wagt geçýär. Bu gün ýene üstüòden ýolum düºüpdir, dolanyp geldim, tämiz
            düzlerim. Ho-ol, symgylt gözýetimde Jahanam, Merdanam, özümem bar. Göçegçi
            guºlaram geçip barýar, ýaý kakyºyp asmanda. Bir ýerlerden Jumaºyòam sesi
            gelýär:  “Durnam, düzül, gökde üzül... Durnam, düzül!”    |