| ÝALÒYªYÒ MUZDY (hekaýa) Sen gör kim bendeden galan nyºap bolmaly. Kim, nä wagt, nä hyýal bilen ekipdir
            seni, ony bilýän ýok. Täk özüò düòle çöl içinde - sap-sary dünýäde ýaºyl
            öwsüp otyrsyò, toraòòy. Sen bir görseò-ä ummanda ýiten sal ýaly... Ejiz. Bir görseòem soòsuz
            tümlügiò içinde ýylpyldaýan ot-yºyk ýaly. Çopan-çoluklaryò öòden gelýän ýörelgesi seni aman saklapdyr. Häzirem ºeýle,
            guýudan çeken suwuòy, ºehit ölüp barýanam bolsaò, ilki bilen ºu toraòòynyò
            düýbüne guýmaly. Çöl hiç haçan eýesiz galmaz, senem suwsuz ölmersiò. Adamlar bilen ýaºar
            ýörersiò, ºoòa ynan. Sen bar, elbetde, ºonuò üçindir, çölüstan içindäki bu
            guýa adamlar “Umytly” diýip at goýupdyrlar. Adynyò gowudygyny. * * * Babyr bilekleriniò üstünde kellesini goýup, dynç alyp ýatan Basaryò ºu gün-ä
            birhili keýpi ýok. Gözlerem gan guýma gyzarypdyr. Ol bökjekläp gelen baýlygy ak guza hyòrandy. “Ýeri, seòki näme diýsene...”
            Zatdan habarsyz guzujyk has-da gudurady. Süsmäge meýil edip, bälçiredi. Ýaº köpek
            diºlerini gyjyrdadyp kükrän wagty... Nädip beýle bolanyny Basaryò özem, Hojaly aga-da, çoluk Mälikberdi-de aòºyryp
            ýetiºmedi. Guzusyny tikelär öýdendir-dä, daýaw çal goýun bat bilen geldi-de,
            Basaryò tumºugyna jalkyldadaýdy. Basaram salymyny bermän goýun janaweriò gulagyndan
            ºapba tutdy-da, ýere pylçady. Almaz ýaly diºlerini geçiribem birki sapar siltedi,
            soòam aklyna aýlanyp yza çekildi. “Haýt, peläket! Basar! Goýber! Gaýt!” Çopan
            bilen çoluk ýerli-ýerden gygyrdy welin... Eýýam giç ahyryn. Basar derrew aýrylmadymy näme. Honha, gan öýlen gözlerini
            gyzardyp “Dogry-da, walla” diýýän ýaly çabalanyp ýatan goýna baka gyýa-gyýa
            bakyp, hüòürdäp-çyòsap aýlanyp ýör. - Aý, zalym ogly. Bu nätdigiò boldy-a. Aý, iºigaýdan, itden bolan it ogly
            diýsänim. Aý, ajaly gelen haram... Mälikberdi! - Näme, Hojaly aga? - Bar goºany getir bakaly. Munuò... Ýaºuly gaharyna bäs gelibilmän erbet sögündi-de elindäki egri taýagyny Basara
            baka dazyrdatdy. It ýapyryldy welin, taýak bir garyº çemesi üstaºyr geçdi-de,
            içiò ýansyn diýýän ýaly, garºydaky wehim tapyp, örüp üºeriliºip duran
            goýunlaryò biriniò maòlaýyna gütläp degdi. Süri güsürre serpikdi. - Tiz gel, how, gazyp almaýan bolsaò. - Ynha bardym. Gygyrybermesene... Tüpeòden ne peýda, ok goºda ahyryn. - O nähili ok goºda! - Özüò dört-bäº sany seçmeli peºeò alaý diýmediòmi. Hatary goºda goý
            diýip... Guýma peºeòler-ä hatarda bolmaly.  - Wah! ªuº-ºumat bagryny garaldaýjakdym welin, bolmady-ow. Mälikberdi Hojaly aga belet bolansoò, ony ugruna kowdy. Goý, sögünip içini
            sowatsyn. Gaty gahary gelse elini-aýagyny ýitiräýýär.  - Bi, päliazan bize wepa bermez-ow... - Wepasy gerek däl. Ynha, goºa bir baraly bakaly. Häk, azgyn diýsänim... Bir agzy
            degse, boldugydyr. Indi munuò möjekden tapawudy ýok. Dowary eºege ýükläli,
            Mälikberdi jan. Aýagam-a döwlen ýaly. Mal bolarmyka indi mundan... Häk, eýesiz
            galan! Senimi... Basar ýüzüni sallap gaçarak gezip ýör. Gojanyò köºeºmändigini aòýar-ow,
            zaòòar. - Sürini dola goºa tarap. Gün ýaºmanka ýetjek bolaly. Onuò bilenem bellisini
            etmesek bolmaz. Itiò päli azsa, onuò haýryndan geçilýändir. Be-e-ý! Mundan beýle
            zat çykar öýdemokdym-aý. Gün ýaºar çagy “Umytly” guýusynyò töweregini örüden gelen goýunlaryò
            dynuwsyz mälemeleri, körpeçlerdäki guzujyklaryò nagma ýaly sazlaºykly owazy lerzana
            getirdi.  Garama-gara gaýdan Basar hol uzakda bärik nazaryny dikip dur. Garry çopanam
            köºeºerli däl. Ýüzünden-gözünden gar ýagyp dur. Iºler az-kem böwºeòleºensoò, Hojaly aga Mälikberdini ýanyna çagyrdy. Çoluk
            onuò kyn ýumuº buýurmak isleýändigini aòdy. Ýok. Hojaly aganyò Basara öz eli
            galmaz. Ony nägünlik bilen ulaltdy. Ýumak ýaly togarlanyp ýörkä çöregi süýde
            dograp bererdi. “Iti güjüklikde, çagany kiçijiklikde” diýlenidir diýip, päki
            bilen gulaklaryny, guýrugyny özi kesdi. Kiçijikkä kesseò, bir awunar-da dynar. Soò
            ýadyndan çykarar. Ulalandan soò kesseò bolanok. Gorkak bolar. Awunjagyny bilse gaçar
            ýa-da çyòsar durar. Oò ýaly itdenem it bormy. Basary gör! Ýolbars ýaly bolupdyr.
            Özem penjesi alty barmakly - altyaýak diýilýän seýrek tohumdan. Neneò edip oka
            dözjekkä? Haý, bagty ýatan Basar... Goja niýetini ºoòa düwen bolsa gutardygyò. Nä hudaý urdy seni, öz malyòa ýapyºar ýaly diýsene. “Öldürmäli” diýip,
            ýalbaraýsam näderkä? Aý, ýok. Gaýta, gahary geler. Çölde çopanyò öz
            kada-kanuny bar-da. Haý, maòlaýy gara... - Sen nät diýsene, Mälikberdi. Ynha, ºu ýüpi al-da, ýal beren wagtyò ýaòkyny
            daò. Hon-ha, goºanyò iki gözünem dolduryp goýdum. Gaýraky uly alaòdan aºyr-da,
            maòlaýyndan otla. Me... - Neme, Hojaly aga... Ol näme diýjegini bilmän sakyndy. Ýaºulynyò gözlerinden pikirini okap oturmaly.
            Ol gözler “Gaýrat et. Men dözemok. Sen düºünýäò ahyryn” diýip dur.
            Mälikberdi ºonda-da sypjak bolup gördi: - Gönimden gelsem... - Hawa, gömdejik gaýdaý. Bar, Mälikberdi jan, bar.  Agyr süri, Basaryò taýy Agdar, ala ganjyk Garagöz, garry çopan hemem guýynyò
            baºyndaky ýeke toraòòy belent alaòa dyrmaºyp barýan egni tüpeòli ºilliò uzyn
            Mälikberdiniò, onuò yzyndaky boýny ýüpli idilip barylýan ýaº köpegiò yzyndan
            garap galdy... Olar ýuwaº-ýuwaº alaòdan aºyp, gözden ýitdiler. Ol ýüpi elinden goýberdi-de, egnindäki goºany alyp, iki gulagynam gaýtardy. Basar
            özüniò ölüm jezasyna höküm edilendigini bilýän ýaly gabat garºyda doòdurylan
            ýaly bolup dur. Ätiýaçlyk nurbatyny süýºürmekçi bolan wagty Mälikberdiniò
            ýüzünden garynja ýöreýän ýaly boldy. Ol sakgal basan ýüzüni sypalady-da, uludan
            bir dem aldy.  “Hoº onda, Basarym!” Ol owadan, gyzyl ala köpegiò gözlerine seretdi.  “Atjakmy?!” “Dagy näme”. Mälikberdi öz-özi bilenmi ýa-da Basar bilenmi gürleºmäge baºlady.  “Munuò ýaly ýalòyºsaò adamlar bagyºlanog-a, Basarym”.  “Sen nä, ýalòyºmadyòmy? Ýa eýýäm ýadyòdan çykaraýdyòmy? Arak içip,
            bede-berrew oglanlar bilen meò çekip gelip, ºol gije öýòüzdäkileri gyran-jyran
            etmediòmi? Däliremediòmi? Ejeò aglap ýalbardy, ºonda-da sen kakaòa el gaýtarjak
            bolduò. “ªol gyzy almasam özümi öldirin” diýip, bokurdagyòa bat berip, masgara
            bolmadyòmy? Türkmeniò ogly atasynyò ýanynda ºeýle sözi diline alarmy?...” “Hawa, menem erbet ýalòyºdym. ªonuò üçinem çöle gaýtdym. Oba, öýe hemem
            ºonuò didaryna zar bolup gezeýin diýip gaýtdym. Özüò bilýäò, mal yzynda gezip
            ýörenime iki ýyldanam köp wagt geçdi. Oba baramok. Çöle öwreniºip barýan”.  “Seni atmadylar ahyryn. Ýa sen öz-özüòi atmadyò-a namys edip...”. “Onda okuò birini saòa, beýlekisinem özüme goýbereýinmi?” “....Özüò bil”. Çoluk düýnki ýagynyò yzgaryna az-kem gaýmaklap-goýalan çägäniò üstünde
            oturdy-da, çilim otlandy... “Nädeli diýsene, senem gowusy baºyòy al-da git. Gaç. Üstaºyr ataryn.” “Ýok. Men ony edip biljek däl. Sen gowusy özüòi horlama-da, aýdylany bilen
            boluber. Ynha men...” * * * ...Alaòdan egni tüpeòli adam aºak indi. Onuò yzyndan iti-de ýüpüni süýräp
            gelýär. Hon-ha. * * * Mälikberdi dymyp garap duran çopanyò ýanyna geldi-de, goºany oòa uzatdy.
            Jübüsinden haýallyk bilen çykaran iki peºeòini-de onuò garalyp giden
            jaýryk-jaýryk aýasyna goýdy. Ol ýüzüni aºak salyp gidibermekçi bolanda, garry
            çopan ony saklady. - Dur entäk... Äkit-de muny ýerinde goý. ªu günden ºeýlägem Basara ýal berme.
            Üç gün aç sakla, nädýä göreli. Goýna ýapyºsa... Tüpeò el ýüzünde bolsun. - Bolýa, Hojaly aga. Ýapyºsa özüm gaýgyrman ataryn. Arkaýyn bolaý, Basar
            beýtmez. Ýalòyºyp samsyklyk etdi-dä.  - Hany garbak-gurbak edineli. Ine-gana çaý bir içeli. Soòunam görüberýäs.
            Agºamam örüzip, ºu golaý-goltumda aýlamaly borus mallary. - Bolýa, Hojaly aga, ºeýdeli.  ...Basar ýallanmak niýeti bilen gelende, Mälikberdi ony kowup goýberdi. Namysjaò
            zaòòaryò ºol öýkeleýºi. Soò gaýdyp gelmedi. Töwerekde ýüzüni sallap
            gezmeledi ýördi. Çolugam “It öýkelär, eýesi duýmaz” etdi. Dagy nätjek. Iki gün geçenden soò ol halys tapdan düºäýdi gerek, sürä eýermän yzyna
            gaýtdy. Ol indi goºda, toraòòynyò düýbünde bagryny ýere berip ýatyr. Sen özüò gaharjaò. Adamlaram gaharjaò. Mähir-mylakat, hoº söz küýseýänsiò,
            ol belli, emma sowlup barýan baharyò mymyk ýelinden baºga saòa mähir berjek ýok...
            Nätjek, gedemlik ynsana-haýwana azar ýamanyny berip ýör-dä. Indi gözüòi süz-de ýatyber, Basar. Kim bilýär, baºyòa düºen bu söwdanyò
            soòy näme bilen gutarjak. Toraòòyny umyt diýip bildiòmi ýa ýoldaº küýsediòmi?
            Onuò ýanyndan turup gidiberesiò-ä gelenok. Ýatyber... Ýatyber... Toraòòy owaz edýän ýaly-la. Diòle, Basar. Bu owaz-heò kimden galan saz, bu
            sözler - kimden galan söz. Belli däl. Ýöne ol toraòòynyò synasyndan syzyp dur.
            Baºy-aýagy, many-magnasy ýok ýaly, ºonda-da süòòüni söküp-eredip, ýere
            siòdirip barýar.   ... Aý dogar keºman-keºmanGün dogar oòa duºman -
 Baºym alyp giderin
 Ne dost biler, ne duºman...
 Basaryò ýumlan gözlerinden ýaº syrygyp baºlady. Akmaýa düzde galdy -Ýüki Töwrizde galdy.
 Oglany sil apardy,
 Armany gyzda galdy.
 ... Zaryò-zaryò... Jaò sesi barha ýakynlap, ony humarly meýmiremeden açdy. Aýdym
            aýdýan çoluk eken. “Basarym, alyp çykdyò-ow, nesip bolsa agºamara bir döwüm çörek bererin.
            Kem-kemden öwreniºdirerin” diýip, Mälikberdiniò içinden begenip ýörmesi puç
            boldy oturyberdi. - Ýatyrmy? Ýatybersin bakaly. Bu gije ony ýene bir synagdan geçirmesek bolmaz -
            diýip, Hojaly aga ýeòsesini tüòòertdi. Mälikberdi tas “O janaweri ºo gün atan bolsam gowy boljak eken” diýipdi. Zordan
            saklanaýdy. “Aý, zyýany ýok, Basar. Gaýrat et. Hojaly aganyòam seni öldüräýesi
            gelenok. Nätjek, ýalòyºsaò jezaòy çekmeli bolýa. Ynha, men... Aý, meniòki hasap
            däl. Men öz jezamy özüme berip ýörün. Indi tä ýüregim saplanyp, göwnüme gar
            ýagýança çölde bolaryn. Eýýäm yzymdan iki sapar habar geldi. “Oba gelsin”
            diýýärler. Men entek-entäkler oba barman. “Çölde, mal yzynda ýedi ýyl gezseò
            Hydyr ata duº gelermiºin” diýýärler. Meniò Hydyr ata duºmak niýetim ýok.
            Öz-özüme duºsam, kimdigime mazaly göz ýetirsem bolany. ªondan bärde men oba gara
            salmaryn. Olam bagyºlasa, garaºýar. Garaºmasa-da...” Gyzyl-elwan bolup, Gün ýaºandan soò garry çopanyò nä küýe köòül berendigi
            äºgär boldy.  - Mälikberdi jan, maºal goýunlaryò birini tut-da, getir bakaly ºu ýere. “Näme etjek bolýarka?!” Çoluk göwünli-göwünsiz ýerinden galan Basara nazar
            aýlady-da, ýylgyndan aýlanan agyla girdi. Derrew kellesi gyzyl-ala owadan ak goýnuò
            yzky aýagyndan tutdy-da, ýanbaºyna alyp gaýtdy.  “Garry melgun ýene-de bir hokga çykarjak bolýandyr, Basar. Näme oýny bolsa
            görmeli borsuò...” - Getir bärik. Getir... Bar indi itiòem alyp gaýt.  “Ýör hany, Basar. Hiç zat edesi ýok-la.” Basar öýkelän boýnyýogyn oglan
            ýaly bolup, onuò yzyna düºüp gaýtdy. - Tut itiòi. Häzir, ine, muny ºeýdeli... Goýun bilen itiò kellesini deòje saklap, goºalap daòdylar. itiò gölermejekdigi
            belli, ºonda-da ikisine-de gondybagy saldylar.  - Ine, indi ikisini ºeýdip goýmaly. Basar açdyr. Eger nebsine buýrup bilmese,
            iýjek bolar, agyz urmaga hyýallanar. Ýogsamam ºeýdip ýanyny alyp, sesini çykarman
            ýatar. Aç itiò beýnisine goýnuò ysy mäkäm ornar. Galan ömrüne ºu ysy unutmaz
            ýaly bolar. Kakam pahyr bir gezek ºeýdipdi.  Ýadyma düºäýdi... Daòa çenli pälini bozman ýatsa bolany.- Bä-äý, bä-ä.
 - Howwa, inim. Ýa ºu ýa-da... Ikiò biridir. Baºga ýol ýokdur.
 Ýyldyzly ummanyò gözýetmez çuòluklaryna nazar salyp ýatan Mälikberdi ýene
            hyýalynda Basar bilen söhbete baºlady.  Seniò ºu zatlary göre-bile ýene-de adam diýip ölüp-öçüp barºyòa men-ä
            düºünýän däldirin. Baºyòy alyp gidiberäýjek ýaly. Kowsalaram, ursalaram,
            öldürjek bolsalaram gidesiò gelenok. Dursuò. Itden özge ºeýle eýesine yssy haýwan
            barmykan-aý. Ýalòyºanyò üçin seniòem özüòi horlap ýörendigiòi men bilýän. Ýöne hany
            oòa ynanjak adam barmy, Basar. ªu gije bir gaýrat et bakaly.” Birden onuò endamy jümºüldäp gitdi. Göwnüne gelen pikirden heder etmänem boljak
            däl. “Basaryò ölmegi ýa-da diri galmagy seniòem belliòi eder. Seniòem sowalyò
            çözüler... Eger ol namartlap goýna agyz ursa, ölmeli bolar. ªeýtse, senem
            ömürboýy çölde galmaly bolarsyò. Ilden yrakda, çöl-beýewanda gezibermeli borsuò.
            Seniòem artyk gaýratyò ýokdur. ªeýle bormuka? Aý, Basarym mertdir, merdanadyr.”  Ol ýatan ýerinden baºyny göterdi-de, ho-ol çetde gabarylyp ýatan goºa göwräni
            synlady. “Aý, Mälikberdi. Oglan baºyòa döneýin, Mälikberdi. Seniò göwnüòe getirip
            ýören zadyòy. Sen indi ºeýle yrymçy bolup ýörmüò”. Barybir ol ýaòky pikirinden el çekip bilmedi. Kän towlandy. Ahyrsoòy belli bir
            pikire geldi. “Gel-aýt, ºeýle bolýan bolsa bolsun-la. Çöl bilen-ä öwreniºdim.
            Hemiºelik galmaly bolsa-da men-ä taýyn. Nä ýüzüme oba baraýyn... . Maòa
            garaºýandygam belli däl-ä...”  Onuò birden toraòòa gözi düºdi. Aý yºygyna ýekeje özi bir gyrada surat ýaly
            bolup dur. Ýeke özi. Ýeke daragtdan gaýdýan göze görünmeýän bir güýç ony öz erkine goýmady.
            “ªol ýer synlap ýatmaga-da amatly ýaly. Gije uzyn. Toraòòy ýoldaº bolar...”  Ol ýatan ýerinden ýuwaºlyk bilen turdy-da, paty-putusyny alyp, toraòòynyò
            düýbüne geçdi. Sag egnine gyºaran çolugyò göwni az-kem rahatlyk tapan ýaly boldy.
            Soòam goýna çatylgy Basary synlap ýatyºyna süýji uka batdy... Daò atyp-atmanka ol Hojaly aganyò “Haýt-how!” diýen sesine tisginip oýandy... ...Basar gojanyò yzyna düºüp seòkildäp ýör. * * * Gum içinde, uzakda, gaty uzakda “Umytly” diýen bir mähriban atly guýy bar.   |