| Mazmuny:
 
              Goºgulary(mollanepes-2.htm)
     
 Mollanepes barada aýdylýan rowaýat-gürrüòler  Mollanepesiò çowlugy Oguljahan ejeden ýazylyp alnan
            rowaýat-gürrüò: “Babamyò (Mollanepesiò) alty aý oglan okadyp, alty aý kitap okamak, goºgy ýazmak
            bilen wagt geçireni hakynda kakam pahyr gürrüò edip bererdi. Olar üç kiºi ekenler:
            biri babam, ikinjisi Aman diýen bir adam, üçünjisi hem molla Kemine bolan bolara
            çemeli. Olar bütin gijäni her hili kitaplar okamak, goºgy düzmek we ýomak atyºmak
            bilen geçirer ekenler” (A.Kekilow. Mollanepes. TDN, Aºgabat, 1957, 23 s.).
 
 Kemine bilen Mollanepesiò arasyndaky halypa we ºägirtlik barada
            rowaýat-gürrüò:
 Maryda ºahyrlaryò baºy jem bolan ýerde, bir gezek döredijilik hakynda gürrüò dowam
            edýärkä, ºahyrlardan biri:
 - Indi näme ýazarkak? - diýip soranynda, Kemine oturan ýerinden:
 - Ussadymyz Magtymguly söz meýdanynyò oragyny orup gitdi, indi biz onuò hoºasyny
            çöpläýmesek, baºga çärämiz ýok! - diýipdir.
 Günleriò birinde Kemineden:
 - Ýeri, molla Kemine, Magtymgulynyò hoºasyny çöpläp ýetiºip bilýärsiòizmi? -
            diýip soraýarlar. Kemine bolsa bu soraga:
 - Çöpleýärin-ä weli, wekilleriò ýazy tiresinden bir oglanjyk holtullap, aýagy
            duºakly at ýaly towsaklap, gapdalymdan hiç aýrylmaýar - diýip jogap beripdir.
            Rowaýatda gürrüòi edilýän oglanjyk Mollanepesdir.
 
 Halk arasynda ýaºaýan bu rowaýatda bolsa, Mollanepesiò Keminäni öz halypasy
            saýyp, onuò döredijiligine uly hormat goýandygy barada aýdylýar:
 Mollanepes Keminäniò “Zülüò” atly goºgusyny okap:
 - Molla Kemine zülpi taryplamaga söz goýmandyr - diýipdir.
 
 
 Döredijiligi Mollanepes döredijilik iºine ýaºlykdan baºlap, halk eserleri, türkmen we
            gündogar halklarynyò edebi ýadygärlikleri bilen içgin tanºypdyr hem-de ºygyr
            sungatynyò inçe tilsimlerini ele alypdyr. Ol köp sanly goºgulary hem-de halkyò uly
            söýgüsini gazanan “Zöhre-Tahyr” dessany bilen türkmen halkynyò aòynda ebedilik
            orun aldy.ªahyryò döredijiliginiò esasy bölegi söýgi-ahlak, öwüt-nesihat häsiýetli
            ºygyrlardyr.
 
 Söýgi-ahlak.
 Mollanepesiò döredijiliginde yºky-ahlak häsiýetdäki ºygyrlar esasy orny
            eýeleýär. Ol bu meselelere bagyºlap ýazan “Bäri gel”, “Haýrana galar”,
            “Söwdügim”, “Istäp ki gözel ýary”, “Kakar” ýaly onlarça goºgularynda
            türkmen gelin-gyzlarynyò ahlak sypatlaryny, görk-görmeklerini, edim-gylymlaryny
            taryplamak bilen birlikde, ýaºaýºyò gönezligi söýgi diýen pikiri orta atypdyr.
 
 Öwüt-nesihat.
 Mollannepes öwüt-nesihat häsiýetdäki ºygyrlarynda adamlara agzybirlikde hem-de
            özüòe berlen az pursatlyk ömre erk edip ýaºamaklygy ündew edýär. ªahyryò bu
            ugurdan ýazan goºgularynyò içinde “Ner gezgin” hem-de “Aòsa” goºgulary
            özüniò ähmiýeti taýdan has-da tapawutlanýar.
 “Zöhre-Tahyr” dessany.Temasy, köp görnüºliligi. Mollanepes sözleriò süýjüsinden saýlap ºygyr
            döretmek bilen birlikde, halk rowaýatlary esasynda “Zöhre-Tahyr” dessanyny-da
            ýazýar. Mollanepesden öò XVI asyrda ýaºap geçen özbek ºahyry Saýýady hem
            “Tahyr we Zuhra” atly bir poema ýazýar. Ýöne bu poema gysga bolup, wakalar anyk
            berilmeýär.
 Edebiýat taryhynda bu sýužeti dessançylyk tärinde iºlän ýeke-täk ºahyr
            Mollanepesdir. ªahyr bu sýužeti täzeden iºlemek, öz arzuw-hyýallaryny,
            oý-pikirlerini dessanyò içinde goºgy görnüºinde bermek bilen, ony millilik
            häsiýeti bilen-de baýlaºdyrypdyr.
   |