Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

MOLLANEPES


NER GEZGIN

Köòlüm, saòa nesihat, gezseò serbeser gezgin,
Tany dosty-duºmanyò, öýòe bahabar gezgin,
Ganym bilen garjaºsaò, daýym muºty-per gezgin,
Gezseò dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäò, bütin bir ýyl ner gezgin.

Iki adam uruºsa, öter ýaly ýol berme,
Birisine gep berip, ol birine al berme,
Owwal adamdan gaçma, gaçsaò asla el berme,
“Jan aga, özüò bil” diýp, her näkese ýalbarma,
Kyrk ýyl maýa gezinçäò, bütin bir ýyl ner gezgin.

Nepes, hiç bir kem durma deòi-duº-u, dost-ýardan,
Pul tapmasaò göterme näkes bilen süýthordan,
Her diläòde gam basar, köòlüò dolar gubardan,
Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden,
Kyrk ýyl maýa gezinçäò, bütin bir ýyl ner gezgin.

ýokaryk


AÒSA

Hindiniò awçysy çyksa ºikäre,
Özge aw islemez, pil sesin aòsa,
Otag ören bolsa bilbili-zara,
Otaga ot salar, gül sesin aòsa.

Jereniò balasyn baksaò, bejerseò,
Suw ýerine ºeker-ºerbetler berseò,
Höregne gül berip, bir güni görseò,
Watandan el götär, çöl sesin aòsa.

Gündize gün zynat, gijäge - mahtap,
Kümüº zäge mätäç, altyna - simap,
Derýa görki mähek hem dürri-naýap,
Bilgur röwºen tapar, kül sesin aòsa.

Harsydünýä söýer teòòäni, maly,
Bir gün bitap bolup, gitse mejaly,
Dönüp-deprenmäge bolmasa haly,
Galar garysyna, pul sesin aòsa.

Jelep karar etmez ýeke är bilen,
Dostun görse, bolmaz kesbi-kär bilen,
Ýola gelmez taýak bilen, zor bilen,
Ýagºy zen daº gaçar, “gel!” sesin aòsa.

Gula döwlet gelse, bilmez agasyn,
Nakyldyr: har semrär - deper eýesin,
Kyrk çillede görseò doòuz balasyn,
Bilgur röwºen tapar, kül sesiò aòsa.

Ýagºy zen suhanwer, bolsa sypaýy,
Ýüzi misli mahtap, on tördi aýy,
Gaçar betküýlerden söz guran saýy,
Çyrag iba kylar, ýel sesin aòsa.

Bedasylyò köòli açylar, ºer diýseò,
Hergiz gitmez, il derdine ýör diýseò,
Bahyllaryò jany çykar, ber diýseò,
Täzeden jan geler, al sesin aòsa.

Karun mülkün alsa bir är ýa diºi,
Pulum az diýr, her gün çeker käýiºi,
Nuhuò ömrün hasyl etse bir kiºi,
Ýakmaz gulagyna, öl sesin aòsa.

Nepes, sen sözleseò ulus-illerde,
Bilbil ºeýda bolar täze güllerde,
Asal ezgil dahan içre tillerde,
Ary hüjüm eýlär, bal sesin aòsa.

ýokaryk


BÄRI GEL

Saòa düºdi nazarym, söýgüli janan, bäri gel,
Saçy müºk isli ýufar, sünbüli-reýhan, bäri gel.
Gül beden, gülgün reò, dony zerefºan, bäri gel.
Al ýaòak, kirpigi ok, alma zenehdan, bäri gel.
Janyòa sadka olam, bäri gel, eý jan, bäri gel!

Gel, otur gaºymga sen, zowky-jamalyò göreli,
Gül ýüzüò ºöhlesine saz bilen söhbet guraly,
Dost gadyryn bileli, duºmany otga uraly,
Dünýä bäº gündür, öter, zowky-sapalar süreli,
Bu ýalan dünýä öter, ötdi-le döwran, bäri gel!

Kä gülüp bäri bakyp, näz bilen sallana sen,
Käte gaºyòy çytyp, her tarapga tolguna sen,
Älemge ºöhle salgan türpe ajaýyp sona sen,
Öz ýüzüò ºöhlesine, belki, özüò hem ýana sen,
Ýüregim otga ýakan ataºy-suzan, bäri gel!

Duýmasyn gende rakyp, bir ýerde pinhan bolaly,
Jany jan içre goºup, bir tenu-bir jan bolaly,
Maksady hasyl edip meºguly döwran bolaly,
Söýleºip bir-birimiz, ança gadyrdan bolaly,
Bäº gündür siz - bize, biz - size myhman, bäri gel.

Leb gysyp, gaº kakyºyp, mährem olup, gol tutuºyp.
Çolaºyp hem çyrmaºyp, ýag bile süýt deý gatyºyp,
Oýnaºyp, seýre çykyp, ak-gyzyl alma atyºyp,
Göýä bir nowça nahal dek bir-birimize ýetiºip...
Kylaly gaýgy-gamy ýer bile ýegsan, bäri gel.

Çekerem her gijelerde ah bilen zaryò seniò,
Menden özge kim çeker derdi-azaryò seniò?
Bermenem ýüz müò tümenge käkili taryò seniò,
Ak göksüòde biten alma-enaryò seniò, -
Tirmesem, ança galar janda köp arman, bäri gel.

Perileriò patyºasy, belli mestana, gözel,
Sen ki bir ºamug çyragy, men ki perwana, gözel,
Hulky hoº, labzy ºirin, ýüzleri nurana, gözel,
Bagry buz, sözleri uz, diºleri dürdäne, gözel,
Lebi lagyl, geýdigi al, jenneti-ryzwan, bäri gel.

Söwdügim, her sözüòe, ºirin jany bereý,
Her nuktaýy halyòa Eýrany-Turany bereý,
Her saçyò bir taryna käpir-musulmany bereý,
Seýr kylyp bakyºyòa Balhy-Badahºany bereý,
Kylaýyn men bu jahany saòa gurban, bäri gel!

Uýalyp, ýerge bakyp, bizden ki iba kyla sen,
Gözleýip göz uç ile, synamga otlar sala sen,
Bir güni öltüre sen, ahyry bu janym ala sen,
Näge rehm etmes sen, halymny özüò bile sen,
Diýr Nepes, köòlüm alan täze gülüstan, bäri gel!

ýokaryk


HAÝRANA GALAR

Bag içine ýar sallanyp girende,
Bilbiller saýramaz, haýrana galar,
Keºt edip, serçemen üzre ýörende,
Ganatdan aýrylar, perwana galar.

Aý nurdan aýrylar, gün gökden uçup,
Ýyldyzlar kararsyz çar tarap göçüp,
Saky meý getirer, erenler içip,
Olar ah çekerler, zamana galar.

ªalar ýatabilmez, arzuwda gezer,
Öli balyk görse, jan berer, ýüzer,
Goly bagly gullar zynjyryn üzer,
Söýlemez ýüz düºse, diwana galar.

Gülüp baksa, ol garrylar batlanyp,
Öten günler, ýigit çaglar ýatlanyp,
Gök otlar saralyp, daraht otlanyp,
Asman jünbüº eýläp, lerzana galar.

Nepes, tarypladyò ýaryò jemalyn
Ýel degip, göterdi ýüzde desmalyn,
Hak bermiº ozalda oòa ykbalyò,
ªalar görsem diýip, armana galar.

ýokaryk


KAKAR

Remezan aýynda on tördi gije
Gözeller üýºerler, bir zyban kakar.
Garaºarlar, geler soltany täji,
Ýasawul aýlanyp, bir perman kakar.

Balyk ýüzebilmez suwa girende,
Guº pessaýlap düºer ýüzün görende,
Kenizleri hoº salamyn berende,
Baºy asman ýeter, ºol zaman kakar.

Göwher ýata bilmez suratyn bakyp,
Utana, aglaýyr derýadan çykyp,
Pelek ot gorsamaz yºygyn ýakyp,
Eger ki meýl etse, bir lerzan kakar.

Bilbil gonmaz höwes eýläp gülüne,
Lal bolar, bir sözün almaz tiline,
Gazlar ýüzebilmez, batar kölüne,
Sallanyp ýörese, ol aýan kakar.

Gördüm, aý dogmady, bagty garadyr,
Gül uklady diýdim, bagry ýaradyr,
Ýyldyzlar dogmazlar, bu ne çäredir?
Ýar yºkynda bakyp, al asman kakar.

Zülpleriò bir ujy lamekan gitdi,
Pelekler dyrmaºdy, asmana ýetdi.
Nepes neressäni goýdy, unutdy,
Yºkynda zarlaýyp, ol destan kakar.

ýokaryk


OWADAN GELIN

Eýran, Turan, arap, ajam ilinde,
Görmedim seniò deý owadan gelin.
Jahan ragnasynda, bagyò gülünde,
Bolmaz özüò kimin gül beden, gelin.

Gözleseò, jan alar gara gözleriò,
Ölini direlder ºirin sözleriò.
Alma ýaòaklaryò, güler ýüzleriò,
ªirindir lebleriò miweden, gelin!

Gara üzüm sen, ºerbet bilen ýutmaga,
Takat bermez, köòül üzüp gitmäge,
Duzak gurup, aºyklary tutmaga,
Zülpüò baºdan-aýak tor eden gelin.

Kamatyò tubudyr, goýnuòda nardyr,
Gerdeniò dutardyr, zülpleriò tardyr,
Jemalyò görmäge gözlerim zardyr,
Görsem gül ýüzüòi sabadan, gelin!

Men aºyk men, aºyk sözün beslär men,
...................................................
Seniò didaryòy Hakdan islär men,
Salma ýoluò ertir-sabadan, gelin.

Nepes diýer, aºnalygym ýat olmaz,
Bir görmesem, hergiz köòlüm ºat olmaz,
Ýer ýüzünde sen deý periz1at olmaz,
Meger, ýere düºdüò howadan, gelin!

ýokaryk


ISTÄP KI GÖZEL ÝARY

Istäp ki gözel ýary, gördüm ki salamatdyr
Baº goýdum aýakynda “Tur! - diýdi - ne halatdyr?”
Turdum, diýdim: “Arzym bar” - “Arz eýle, adalatdyr!”
Diýdim: “Saòa aºyk men ...” “Goý - diýdi - ne hajatdyr?”
Diýdim: “Periler hany,
Sensiz neterim jany?”
Diýdi: “Bu sözüò bizge ýalgançy hekaýatdyr”.

Diýdim: “Gözüò öldürdi, gamzaò ki kylyp hasta”.
“ªeksiz ölesen - diýdi - bir gaýry watan iste”.
Diýdim ki: “Özüm gitsem, köòlüm saòa wabeste!”
Diýdi ki: “Alaç eýle,
Husnuò maòa paç eýle!”
Bir güldi elin diºläp, diýdi: “Ne kesapatdyr”.
Diýdim: “Ne tütündir bu?” Ol: “Zülpi käkilim” diýdi.

Diýdim: “Ne elipdir bu?” Ýar: “Inçge bilim” diýdi.
Diýdim: “Ne ºekerdir bu?” - “ªerbetli tilim” diýdi.
Bir posa talap kyldym. - “Lazymdyr ölüm” - diýdi.
Diýdim: “Meni öltürgil
Ýa posa mürewwet kyl!”
Agzyma çenäp ýumruk, “Goý - diýdi, - gabahatdyr”.

Umydy-wasyl birlen iºikni kiçik açdym,
Gözläp ki ýeò astyndan, göz ümledi, men düºdüm.
Duºmanlara duýdurmaý, bir lahza habarlaºdym,
“Pinhan ýere bar” diýdi, geldi ki gujaklaºdym...
Diýdim: “Meni yºkyòda
Köýdürme meni, eý jan!”
Diýdi ki: “Ýanyp köýmek aºyklara adatdyr”.

Diýdim ki: “Güli-jennet, birdem süreli aºret...”
Diýdi ki: “Säher boldy...” - turdy, diledi rugsat.
“Rugsat ki bereý - diýdim - araga düºer pyrkat”
Ýyglap ki golum tutdy. “Sen çekme - diýdi - hasrat”
Diýdim ki: “Meni öldir
Bu - aýralyk, eý dildar!”
Diýdi: “Saòa bu aºrat her gije zyýapatdyr...”

Gapyda kiºi goýdy. “Gaºyga baraý” diýdim,
Diýdi ki: “Nedir kesbiò?”, “Gullukda duraý” diýdim
Perde bile sözleºdi. “Aç ýüzüò göreý” diýdim
Diýdi ki: “Getir muzduò” - “Janymny bereý” diýdim,
Diýdi: “Bu ne diwana?”
Diýdim: “Saòa perwana”.
Diýdi: “Saòa görmek ýok, jan tende amanatdyr”.

Diýdim ki: “Meniò köòlüm almazmy sen, eý zalym!”
Diýdi ki: “Ne akmak sen, halk diýr ki saòa alym”.
Diýdim ki: “Ne günähim bar, diýgil, nedir agmalym?”
Diýdi: “Nahany-syrrym halk içre kylyp mälim”.
Dýdim ki: “Günäkärem,
Mähnetge giriftaram”.
Diýdi maòa ol ýarym: “Mähnet soòy rahatdyr”.

“Neden ki gözüò ýaºy girýan baradyr?” diýdi.
“Pyrkat ki ýaman” diýdim. “Synam ýaradyr” diýdi.
Boýnuna golum saldym - “Duºman göredir” diýdi:
Öpdüm ki ýaòagyndan - “Bagtym garadyr...” diýdi.
Diýdim: “Bu ne käýiºdir?”
Diýdi ki: “Bu ne iºdir?”
Men diýdim: “Ajap iºdir”. Ýar diýdi. “Melamatdyr”.

Ýatganda güli gülºen, bir gije gelipdir men.
Durdum ki gulak saldym, ukuda ýatyp erken.
Bardym ki, ýüzün açdym, oýgandy gazap birlen.
“Kim sen?” diýdi. Diýdim: “Men”. Diýdi ki:
“Nepesmu sen?”
Diýdi ki: “Gelip sen hoº,”
Hoºwagt bola sen” diýdi.
- “Aºyk bile magºukdan bir-birge hoºamatdyr”.

ýokaryk


SÖWDÜGIM

Husnuò haznasy berpadyr
Ýagty jahana, söwdügim.
Saçyò saklaw aždarhadyr
Ol genji-käne, söwdügim.

Derýalar men kimin daºmaz,
Ýüzüò dolan aýdyr, ýaºmaz,
Owal-ahyr gözüm düºmez
Sen dek jenana, söwdügim.

Gury agaç men deý ýanarmy?
Synamda oduò sönermi?
Ýar - senden köòlüm dönermi,
Dönse zamana, söwdügim.

Dost bolan köòle güýtmezmi?
Aºyk myrada ýetmezmi?
Magºuk bolan rehm etmezmi-
Bu köýen jana, söwdügim.

Eý zülpi syýa, ýüz para,
Arzym budur sen dildara.
Kylma syryòny äºgäre
Ýagºy-ýamana, söwdügim.

Gije bakmasam ol ýüze,
Kararym ýetmez gündize,
Taý geler sen hemme gyza,
Ýüz müò janana, söwdügim.

Gamzaò oky tenden ötdi,
Bardy, ºirin jana ýetdi,
Käpir gözüò talaò etdi
Nury-imana, söwdügim.

Çekilip gaºyò gylyjy,
Jigerim kesdi bir ujy,
Ol sebäpden göz göreji
Gark boldy gana, söwdügim.

Misli badam gabaklaryò,
Gül ýapragy dodaklaryò,
Ogºaýyr ol ýaòaklaryò
Ter gülüstana, söwdügim.

Ir säherden zülpüò darap,
Gün bilen dogduò ýaldyrap,
Gyýa bakyp, gülüp garap,
Goýduò armana, söwdügim.

Nepes diýer, budur sözüm,
Zulmuòdan soldy gül ýüzüm,
Bir zaman aýrylmaz gözüm
Senden bir ýana, söwdügim.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / XIX asyr türkmen edebiýaty / Mollanepes (mazmuny)

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

Gezseò dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäò, bütin bir ýyl ner gezgin