| Mazmuny
   ªahyryò ºygyrýeti Aman Kekilowyò edebiýata we çeper söze bolan höwesi gaty ir wagtdan baºlanýar.
            Edebiýata, çeper söze bolan çäksiz söýgi Amanda goºgy ýazmaklyga ymtylyº
            döredýär. ªonuò netijesinde-de, onuò 1928-nji ýylyò 18-nji maýynda
            “Türkmenistan” gazetinde “Oba mugallymlaryna” atly ilkinji goºgusy peýda
            bolýar. Bu goºguda, adyndan belli bolºy ýaly, oba mekdeplerinde ylym, medeniýet
            ýaýradýan daýhan çagalaryna bilim berýän oba mugallymlary barada söz açylýar.
            Ilkinji goºgusynyò respublikan metbugatynda peýda bolmagy Aman Kekilowyò kalbyny joºa
            getirýär, ony çäksiz hyjuwlandyryp, ylhamyna ganat bekleýär. Ol ºundan soò
            gündelik ýüze çykýan möhüm wakalara ºahyrana söz bilen aýny wagtynda seslenip
            durýar.  Döredijilik iºine ilkinji gadam basan döwürlerinde ºahyr çagalar durmuºyna köp
            üns berýär. Aman Kekilowyò çagalaryò durmuºyna köp üns bermegi onuò “Pioner”
            žurnalynda iºlänligi bilen baglanyºyklydyr. ªahyr çagalara bagyºlap “Oglanlar hem
            kitap”, “Guºlar”, “Haýwanlary çagyrmak” ýaly birnäçe eserler döretdi.  ªahyr 20-30-njy ýyllarda öz döwrüniò talabyna görä birnäçe goºgudyr poemalar
            ýazdy.  Ikinji Jahan urºy ýyllarynda Aman Kekilow “Egri azar, dogry ozar”, “Kawkaz”,
            “Watan”, “Günbatara” ýaly birnäçe kämil eserler döretdi. ªahyryò
            “Watan” atly goºgusy, adyndan belli bolºy ýaly, çuòòur watançylyk ruhuna
            ýugrulan eserdir: Ençe agyr günleri geçirdiò baºdan, Watan, Gezeldi ganly penje içden hem daºdan, Watan,
 Aýra düºdüò ah çekip, dogan-gardaºdan, Watan,
 Açylmandy hiç wagt gözüò talaºdan, Watan,
 Ganly göreºde ösdüò, düºmediò güýçden, Watan.
   
 ªahyryò poemalary Aman Kekilow ir wagtdan baºlap liriki goºgular bilen birlikde mazmunly eserleri
            döretmäge-de giriºýär. Bu babatda onuò ilkinji synanyºygy 1932-nji ýylda ýazan
            “Geçen günlerim” atly poemasydyr. ªahyr bu eserini 1940-njy ýylda täzeden
            iºläp, üstüni ýetirýär we çeperleºdirýär.  ªahyryò “Öòe” atly poemasy (1934) öz döwrüniò iò bir wawaly meselesi bolan
            kolhoz gurluºy baradadyr.  ªahyr 1939-njy ýylda “Soòky duºuºyk” atly poemasyny ýazýar. Bu poema dili we
            çeperçiligi taýdan öòki eserlerinden has kämil ýazylandyr. Poema 1917-nji ýylyò
            öòüsyrasyndaky we 20-nji ýyllaryò baºlaryndaky türkmen obasynda bolup geçen waka
            bagyºlanypdyr.  Aman Kekilowyò “Çopan we patyºa”, “Küýze we tilki” atly poemalary türkmen
            halk ertekileriniò esasynda ýazylandyr. ªahyr olara täze reòk, täze öwüºgin
            berdi, mazmunyny çuòlaºdyrdy. Netijede halk arasynda belli bolan bu ertekiler ºahyryò
            ýiti galamynyò aºagyndan has hem kämil bolup çykdy.  ªahyr “Ölüm penjesinden” we “Gahryman gyzlar” atly poemalaryny 1942-nji
            ýylda ýazýar. Bu eserleriò ikisi-de Ikinji Jahan urºunyò wakalaryna bagyºlanypdyr. “Ölüm
            penjesinden” atly poema bu ýyllarda Türkmenistanda ilkinji bolup Sowet Soýuzynyò
            gahrymany diýen beýik ada mynasyp bolan türkmen halkynyò ºöhratly ogly Gurban Durda
            bagyºlanýar.
   
 ªahyryò romanlary “Söýgi” romany Eser türkmen edebiýatynda täzelik bolan ºygyr bilen ýazylan ýeke-täk romandyr.
            Eseriò temasy hem baº pikiri söýgi. Eseriò baº gahrymanlary Ogulnabat, Begenç hem
            Akmyratdyr. Romanda boýdan-baºa ºu üç ýaº juwanyò durmuºy yzarlanýar. Bu barada
            ºahyryò özi ºeýle diýýär: Üç sany ýaº ynsan baº gahrymanym, Olara bagº etdim men bu dessanym.
 Eserde wakalar adaty türkmen obasynda bolup geçýär. Romanyò baº gahrymanlary
            Ogulnabat hem Begenç obada önüp-ösen sada türkmen ýaºlary. Olar bir mekdepde okap,
            bile oýnap ulalýarlar. Ýaºlygyndan olar biri-birine örän mylakatly, sylaºykly
            garaýarlar. Soò bu mulakatlylyk söýgä ýazýar. Ýaºlar süýji-süýji arzuwlar,
            uly-uly höwesler bilen ýedi ýyllyk oba mekdebini tamamlaýarlar. Ganym uruº
            ýaºlaryò toý tutmak baradaky mukaddes arzuwlarynyò öòüne böwet bolýar. Begenç
            urºa gidýär. Ogulnabat bolsa, oba mekdebinde mugallymçylyk kärini ussatlyk bilen ele
            alýar. ªol ýerde-de Magaryf ministrliginden mekdebi barlamaga gelen Akmyrat oòa söz
            aýdýar. Emma asylly maºgala bolan Ogulnabat Akmyrada Begençden gelen haty berýär.
            Akmyradyò ýüregi lerzana gelýär, öz-özüni ýigrenip gezýär. Begenje edil ýagyº ýaly ýagýan gülleleriò aºagynda-da, jan alnyp, jan
            berilýän garpyºykly söweºlerde-de Ogulnabadyò päk söýgüsi medet berýär.
            Begenç uruºdan ýaraly bolup dolanyp gelýär. Ogulnabat onuò bir aýagyny watan
            ugrundaky söweºlerde galdyryp gelendigine seretmezden, ony öòküsi ýaly söýýär,
            oòa buýsanýar. Ejesiniò bir maýyba gül ýaly gyzymy beribilmen diýen sözüne ol
            ºeýle jogap berýär: Dyzyna berýäòmi gyzy oglanyò?Maòa gerek zady ýüregi onuò.
 Netijede, gyzyò päk söýgüsi ejesiniò garºylygyndan üstün çykýar. Ýaºlar
            durmuº gurýarlar. Emma bularyò ºatlygy uzaga çekmeýär. Nägehan urºuò Begenjiò
            bedeninde galdyran ganym güllesi ýaºlaryò bal gününe awy gatýar. Begenç aradan
            çykýar. Birbada bu ajy aýralyk Ogulnabadyò ýüregini sarsdyrýar, ony çykyp bolmajak
            gam laýyna batyrýar. Ogulnabadyò bu agyr ýagdaýyny obadaºlary hem ýakyn adamlary
            deò paýlaºýarlar hem oòa hemme taraplaýyn ruhy goldaw berýärler, ony ýeke
            goýman, halyndan habar alýarlar, täzeden durmuºa ruhlandyrýarlar. ªahyr bu
            ýagdaýlary oba ýaºulusy Oraz aganyò hereketleri we Ogulnabada ata hökmünde berýän
            maslahatlary arkaly has aýdyò açyp görkezýär. Begençden galan ýalòyz guwanjy
            Öwezjik onuò ýaraly ýüregine melhem bolýar. Ogulnabat täzeden durmuºa dolanýar,
            iºlemäge baºlaýar, soò Aºgabada okuwa gidýär. ªol ýerde-de ýokarda adyny agzan
            gahrymanymyz Akmyrada duºýar. Ogulnabadyò ýagdaýyndan habarly bolan Akmyradyò
            ýüregindäki söýgi uçguny täzeden tutaºýar. Ýöne olaryò öòünde türkmen
            ruhuna ýat bolan “dul geline boý ýigidiò öýlenmeginiò” gaty geò görüljekdigi
            baradaky mesele ör boýuna galýar. Akmyrat bu kynçylyklary we dürli garºylyklary öz
            arassa ahlagy, ýokary düºünjesi, belent adamkärçiligi bilen ýeòip geçmegi
            baºarýar, netijede bolsa, ol Ogulnabadyò ýüreginde müdimilik orun tapýar.   |