Gadym wagt bir garyp,
                Sygyr çopan bolupdyr;
                Kyrk ıaºyna baranda, 
                Ol bir aıal alypdyr.
                Aıaly hem özi dek
                İurduò belli garyby;
                Ikisiniò bolupdyr-
                Ne gallasy, ne gaby.
                Ojuk-bujuk aldylar,
                İaºansoòlar dört-bäº ıyl;
                Bir sümelge salmaga
                Kömekleºdi garyp il.
                Iki gotur geçidi
                Bu çopanyò bar maly;
                ªol geçileò süıdünden
                Gurt edıärdi aıaly.
                Eden gurdun endigan
                Tam üstünde serıärmiº;
                Ähim edip it-guºdan,
                Günde baryp görıärmiº.
                Tiz wagtdan duııar-da
                Azalıanyn gurdunyò;
                Dykgat bilen gözleıär
                Sebäbini ol munuò.
                Saklapdyrlar är-aıal
                Gurtlarynyò daºyny;
                Gije-gündiz hiç biri
                İerde goıman baºyny.
                Bir Kör garga pel-pelläp, 
                Gonıar gurduò üstüne;
                Çopan bilen aıaly
                Tutıar muny dessine.
                Öldürmekçi bolanda 
                Çopan bogup gargany. 
                Ol dillenip diıipdir:
                “Howlukma sen, dur hany!
                Gahar edip sen meni
                Nähak ıere öldürme;
                Goıber meni, azat et,
                Hiç hili azar berme.
                Men bir döwlet guºy men
                Gondum seniò baºyòa.
                Iısem, zadym örän kän,
                Mätäç däl men aºyòa.
                Ertir irden ıanyma 
                Gel, bereıin kän zady.
                Kör garga diıip sorasaò. 
                Her kim biler bu ady”.
                Çopan ony goıberdi.
                Ynandy-da sözüne;
                Sygyrlaryn tabºyrdy
                Eıeleriniò özüne.
                ªaıyn tutup ugrady.
                Kör garganyò yzyndan
                Edıärdi ol kän umyt
                Onuò aıdan sözünden.
                Uly süri çykypdyr
                İolda onuò öòünden,
                Kör gargany sorapdyr
                Süriniò çopanyndan:
                “Görkezsene, çopan dost,
                Kör garganyò öıüni,
                Asyl tapyp bilemok,
                Kän gözledim men ony.”
                һundan dogry gidiber,
                Syr-da ıoluò boıuny;
                Bardyr ıolda at bakan,
                Aıdar onuò öıüni”.
                Uzak wagt ıöränsoò
                Duºdy oòa at bakan;
                Muòa-da görkez-diıip,
                Salgyny aldy çopan:
                һundan dogry gidiber,
                Syr-da ıoluò boıuny,
                Düıe çopan duºanda, 
                Sora önuò öıüni”.
                Duºıar düıe çopana,
                Kän ıoly sökenden soò,
                Ondan derrew soraıar, 
                Köp azap çekenden soò:
                “Görkezene, çopan dost,
                Kör garganyò öıüni. 
                Asyl tapyp bilemok, 
                Kän gözledim men ony”.
                Çopan elin uzadyp:
                “Görıärmiò sen hol bagy,
                Beıikligne seret oò
                İada salyp dur dagy.
                ªu çarbagda Kör garga
                Gündizine hem gije
                Hiç bir ıana aırylman,
                Oturıandyr hemiºe”.
                İolagçymyz bir kemsiz
                Salgy alansoò ony,
                Çalt-çalt ädimläp,
                Oòa ugrady göni.
                Tiz wagtda ıetdi ol
                ªol görünıän çarbaga,
                Bilmän nirden girjegin,
                Aılandy sola-saga.
                Ahyry ol bir ıerden:
                “Garga!” diıip gygyrdy.
                Garga görüp çopany,
                Öz ıanyna çagyrdy.
                Ony gaty hormatlap, 
                Nahar berdi, çaı berdi;
                “İat-da dynjyò al” diıip, 
                Oòat ıerden jaı berdi.
                Turandan soò, boº saçak
                Berip onuò eline, 
                Diıdi: “Gymmatly bir zat
                Berıän saòa, al ine”.
                Çopan alyp, saçaga
                Gaıta-gaıta seretdi,
                Düºen ıaly aldaga, 
                Içinden pikir etdi:
                “Bu Kör garga men-akmak,
                Oınadypdyryn özümi,
                Nadanlygymy bilipdir,
                Görende ol gözümi”.
                Diıip çopan biçäre
                Dürli oıa gidıärdi,
                İiti-ıiti alarlyp, 
                Saçaga seredıärdi.
                “Boºlugyna garaman,
                Alyp git bu saçagy.
                “Açyl, saçagym, açyl!”
                Diı nahar gerek çagy.
                ªonda açylyp saçak,
                Dürli nahardan dolar,
                Dünıäde islän zadyò
                Barysy häzir bolar”.
                Alkyº okap Kör garga,
                ªatlanyp düºdi ıola;
                Derrew geldi öıüne,
                Çümüp her hil hyıala.
                Öıe gele-gelmäºe,
                Çagyrdy-da aıalyn:
                “Nahar iıeli” diıip,
                İuwdy derrew elini.
                Haıran galyp aıaly,
                Diıdi: “Nahar edemok”..
                “Dürli nahar bar mende,
                Senden nahar soramok.
                Tizräjik ıuw eliò.
                Kän galmagal etme-de;
                Otur gel-de ıanymda,
                Gepiòi köpeltme-de”.
                Oturdylar ıanma-ıan
                Är-aıalyò ikisi;
                Nämüçindir äriniò 
                Bu gün üıtgeºik sesi.
                İazdy orta saçagy,
                Goltugyndan çykaryp;
                Diıdi ynha ºulary,
                Öz sözüne bat berip:
                “Açyl, saçagym, açyl!
                Lezzetli nahar seçil!”
                Diıende bu sözleri,
                Saçak giòden açyldy,
                Bu saçagyò üstüne 
                Nahar bary seçildi.
                Aldyklaryna iıdiler
                Aıaly hem-de äri,
                Emma welin saçagyò 
                Egsilmedi nahary.
                Dürli-dümen nahardan
                Garynlar boldy göjek,
                “İapyl, saçagym, ıapyl!”
                Diıdi, ıapyldy saçak.
                Görüp muny aıaly
                Örän gaty ºatlandy.
                Öz göwnüne özi onuò
                Bagt atyna atlandy.
                Mundan soòra üç-dört gün
                Geçirdi-de aradan;
                Aıalyna ıüz tutup,
                Äri dillendi birden:
                “Besdir. aıal, kän tutduk
                Garyplygyò ıasyny;
                Myhmanlyga çagyrjak
                İurdumyzyò ºasyny!
                Gelende gözi bilen
                Görsün biziò baılygmyz;
                Indi bizi tanasyn,
                Gidendir gedaılygmyz!”
                Içi ıanyp ärine 
                Gahar bilen garady.
                Çasly çykıan ses bilen
                Adamsyny darady.
                “Göterniksiz, eı, akmak!
                Näme boldy aklyòa?!
                Patyºany çagyrmak
                Nämäòe gerek saòa?!
                Elli ıaºa barypsyò,
                Heı, gapyòdan geldimi?
                İolda-yzda görende,
                Salamyòy aldymy?
                Garyplygyò laıyna
                İene bizi batyrar.
                Baılygyòy alar-da,
                Garyplygyò getirer.
                Hiç wagtda ol asyl
                Gapymyzdan gelmesin.
                Garyplygmyz, baılygmyz
                Hiç haısyny bilmesin!”
                Çopan razy bolmady.
                Garºylygna aıalyò:
                “Patyºadan ıüz öwrüp, 
                Näme seniò hyıalyò?
                Asyl iºiò bolmasyn,
                Baılyk tapan meò özüm.
                Arrygyòy gynama,
                Geçmelidir meò sözüm!”
                Jedelleºip kän wagt,
                Är sözüni gögertdi.
                Çagyrjagyn haısy gün
                ªasyna habar etdi.
                Çakylygna çopanyò
                Ynanmady ºa ilki.
                Soòra diıdi: “Gideıin,
                Geò bir zat bardyr, belki.
                Ugursyz ıere çagyrsa,
                Zyndana-da basdyryn,
                Gazap edip men onuò 
                İurduna ıel ösdirin!”
                Wadaly gün gelende,
                ªa çopanka ugrady;
                Bu gün ºanyò hatyrna
                Çopan desga gurady.
                ªanyò ıeke özi däl.
                Topar-topar weziri,
                ªagalaòa goºulyp,
                Gelipdir bar emiri.
                Mundan baºga ıene-de
                İüzläp-müòläp goºuny
                Myhmanlyga gelenleò
                Saklaıardy daºyny.
                İazdy çopan saçagyn
                Hemme geljek gelensoò,
                Sanawajyn sanady,
                Bary taıyn bolansoò:
                “Açyl, saçagym, açyl!
                Lezzetli nahar seçil!”
                Peıda boldy ºu sagat
                Dürli nahar ortada,
                Beıle nahar gelenler
                Görmändirler hiç ıerde.
                Agzyn açyp patyºa
                Galdy akly haıranda;
                Öz öıünde görmegik
                Geò zatlary bar munda.
                Tapgyr-tapgyr oturdy
                Patyºasy, weziri,
                Iıen däldir mundan öò
                ªu günki dek hiç biri.
                Pes gelmedi bulardan 
                Galanlaryò-da bary,
                Emma welin saçagyò
                Egsilmedi nahary.
                Keıplerini kökleºip,
                Ugradylar myhmanlar.
                Gaty razy boldular
                Begler, emirler, hanlar.
                ªa baransoò öıüne,
                Kän oturyp oılandy;
                Çuò pikirde iki ıan
                Öı içinde aılandy.
                Baºyndaky pikiri
                Asyl goımady ony.
                Gyssanjyna ahyry
                Çagyrdy wezirini.
                Ynjalygy bolmady
                Gezip, oturyp, ıatyp,
                Gelenden soò weziri,
                Diıdi oòa ıüz tutup:
                “Çopan ogly çopana
                Nämä gerek ºol saçak?
                Maslahat bilseò, wezir,
                Ony elinden aljak”.
                “ªahym, gulak goısaòyz,
                Bizden size maslahat,
                Diòe ıurduò ºasynda 
                Bolmalydyr beıle zat”.
                “Onda çapar iberiò,
                Getirsinler ºu günde,
                Ony ele almasam,
                Sabyr galmady mende.
                Eger berse gaıtawul,
                Kellesini getiriò.
                Haıal etmän, permanym
                Tizden ıerine ıetiriò!”
                ªahyò beren permany
                İetirildi ıerine,
                Çopanmyzyò saçagy
                Onuò öòünde ine.
                * * *
                Saçak elden gidensoò,
                Bu biçäre çopanyò
                Gara güni baºyna 
                İene gaıdyp geldi onuò.
                İer ıumruklap aıaly,
                Urıar dady-perıady:
                “Ylahym patyºanyò 
                Gyrylsyn-a zürıady”.
                Zowzanaklap ahyry
                Geçdi öınüò törüne,
                Gaharyna aglady,
                Käıinjiräp ärine:
                “Bu zatlaryò barynyò
                Günäkäri sen-özüò;
                Agla indi ölinçäò,
                Goı, seniò çyksyn gözüò!
                Çagyrma diıip kän aıtdym,
                İadyòdamy men saòa?!
                Aldyò alty ºaıyòy,
                Hezzet edip sen oòa!
                Hezzet edip eºege,
                Kim alypdyr aklygy
                İersiz-ıere mesirgäp,
                Götermediò doklugy.
                Saıgarmadyò geleni:
                Dostmy saòa ıa duºman,
                Indi tutup içiòi,
                Geçeniòe et puºman.
                Nämämize gerekdi
                ªalar bilen gatnaºyk.
                Olar üçin, unutma,
                Bizden gowudyr aºyk!” 
                Bu ıangynly sözleri
                İagdyrsa-da aıaly,
                Gaıtawula çopanyò 
                Häzirlikçe ıok haly.
                İüzıärdi ol gulaçlap
                Çuò pikiriò deòzinde,
                Uly ahmyr hem gynanç
                Mese-mälim ıüzünde.
                Aladaly bu döwür
                İetdi bernäçe güne,
                Çopan pahyr Kör garga
                Baryp ıüz tutdy ıene.
                Aıtdy oòa jikme-jik
                Bolan iºleò baryny
                Hem-de ondan sorady.
                Ar almagyò tärini.
                Diıdi: “Seniò ºa bilen
                Asyl oınuò deò gelmez,
                ªalar bilen dalaºsaò,
                Iºiò aòsat oò bolmaz.
                İöne saòa men ıene 
                Gymmatly zat bereıin,
                Patyºaòyz ºony-da
                Hany alsyn göreıin.
                Eger baºa iº düºse,
                İetir ahy-zaryòy;
                ªonda ºadan çykarys
                Öòki-soòky aryòy”.
                Diıdi-de ol çopana
                Berdi oòat elguºy;
                “Örän oòat idetseò,
                ªundan taparsyò aºy.
                Günde birin gaçyryp,
                Guzlaıany gyzyldyr;
                Muny oòat saklasaò,
                Seòki onsoò hezildir”.
                Elguºuny alansoò,
                Çopan gaty ºatlandy,
                Alkyº okap Kör garga,
                Öıe tarap atlandy.
                Öıde ıeke galypdy,
                Ol gidende aıaly;
                Için tutup, ah çekip,
                İamandy onuò haly.
                Dünıäsinden käıinip,
                Ah çekıärdi her demde;
                Her sagady pahyryò, 
                Geçıärdi gaıgy-gamda.
                Duıman durka aıaly,
                Çopan girdi gapydan;
                “İeri, niçik boldy?” diıp,
                Derrew sorady ondan.
                “Heı-de meniò öòümde
                Bolarmy, heı bitmez iº?!
                Ynha saòa getirdim
                Gyzyl guzlaıan bir guº.
                Saçagyò hem çeni däl
                Elguºunyò gymmaty,
                Dünıäde hiç bir zadyò 
                Tyllaça ıok hümmeti.
                Meniò indi iºim ıok,
                Näme etseò özüò et.
                Ine gyzyl gaznasy,
                Maksat-myradyòa ıet!”
                İyljyraklap aıaly
                Aldy guºy eline,
                Gaıgy-gamyò barysy
                Gitdi ıazyò ıeline.
                Gelen gününden baºlap,
                Berdi günde birini,
                Tygºytlady aıaly,
                Tapdy onuò ıerini.
                Çopanmyz hem aıalynyò
                Göwnüni hiç ıykmady,
                Indi asyl ol onuò 
                Diıeninden çykmady.
                Baºaladylar almaga
                Gerek-ıarak ºaılaryn,
                Tiz wagtyò içinde
                Düzetjekler öılerin.
                Çäınek-käse alynyp,
                Çalºyrdylar düºegi.
                Täzelendi çopanyò 
                Çaryk, dony, guºagy.
                Gün geldikçe köpelip,
                Basym biljekdi bary,
                Emma guºuò tiz wagt
                ªaha ıetdi habary.
                ªa eºiden badyna
                Gyzylly guº tarypyn,
                Çagyrdy-da wezirin
                Gazaply diıdi gepin:
                “ªu sagadyò özünde 
                Getirmeli ºol guºy,
                Gelmese, günäliniò
                Hökman kesiler baºy!”
                Wezir oòa baº egip,
                Iºi ıerne ıetirdi;
                İarym sagat içinde
                Guºy köºge getirdi.
                İene ajy aıralyk, 
                İene gaıgy-alada...
                Tapawudy öòküden-
                Igenç ıokdy arada.
                Bakıardylar är-aıal
                Bir-biriniò ıüzüne,
                Ikisi-de alaçsyz
                İaº aılady gözüne.
                Doımaz-dolmaz zalyma
                Ikisi hem gargady.
                İene çopan biçäre
                Kör gargaòka ugrady.
                Baryp oòa ıene-de
                Aıtdy ahy-zaryny;
                Indi görüò, Kör garga
                Görkezmekçi zoruny.
                Görkezdi ol çopana
                Äpet uly tokmagy:
                “ªuny alyp gitdäni,
                İom-ıok et ol akmagy!
                Eder ony ıer-ıegsan:
                “Kak, tokmagym, kak!”diıseò.
                Durar, hiç zat etmez ol:
                “Dek, tokmagym, dek!” diıseò.
                Saçagyòy, guºuòy
                Hökman ondan alarsyò;
                ªu tolmagyò arkaly
                ªadan halas bolarsyò”.
                Alkyº okap Kör garga,
                Düºdi ıene ıoluna;
                Öıe gelip etjegin
                Aıtdy ol aıalyna.
                ªatlandy-da aıaly,
                Diıdi: “Gaty bolupdyr.
                Bu zalymyò Kör garga
                Hötdesinden gelipdir.
                Asyl meniò özümem
                Seniò bilen gideıin;
                Bir özüòe kyn bolar,
                Menem kömek edeıin”.
                Tokmaklaryn göterip,
                Tirkeºdiler gitdiler;
                Batly-batly ıöreºip,
                ªa saraına ıetdiler.
                Äri alyp tokmagyn,
                Girdi saraı içine;
                Ortasynda goıdy-da,
                Çykdy ıene daºyna.
                Gazap bilen ºasyna:
                “Ediºime bak!” diıdi;
                Daºrakda durdy-da:
                “Kak, tokmagym, kak!” diıdi.
                Tokmak böküp baºlady
                Eºidende bu sözi.
                Doldy derrew tozandan
                Dury asmanyò ıüzi.
                Tam-tarsyny tekizläp,
                Geçdi köºgüò daºyna,
                Bir bökende ony-da
                İumurdy ºa baºyna.
                Wezirinden, ºasyndan
                Sypdyrmady birisin;
                Baryn guma basdyrdy,
                Galdyrmady dirisin.
                Çopan daºdan ºatlanyp:
                “Dek, tokmagym, dek!” diıdi,
                “Boldy, kän iº bitirdiò,
                Indi bärik bök!” diıdi.
                Tokmak goıup kakmagyn,
                Eıesine ıüzlendi;
                ªunluk bilen bir kemsiz
                Zulum ojagy düzlendi.
                Guºy, saçagy alyp,
                Goımadylar hiç bir zat.
                Bu habary eºidip,
                Bütin iller boldy ºat.
                Nakyl:
                İakma - biºersiò, gazma - düºersiò.