| Silwestr
            Stallone   Döwüºli filmleriò pälwan gahrymany  Silwestr Stallone döwüºli filmleriò pälwan sypatly, az gürläp, köp
            iº edýän aktýorydyr. Ol özüniò soòky “Cop Land”, ýagny “Poliseýleriò
            ýurdy” atly filminde ýaramaz iºlere garyºyp, syýasata goºulan ºäher
            poliseýlerine garºy göreº alyp barmak üçin janyny orta goýan kiçijik ºäher
            ºerifiniò roluny ýerine ýetirýär. Filmiò beýleki bir esasy gahrymanynyò rolunda
            bolsa Golliwudyò özboluºly meºhur aktýory Robert De Niro oýnaýar.
 Bir film üçin 18 kilogram
 Özüniò soòky “Cop Land” atly filminde 18 kilogram semrän Stallone
            göz öòünde getirip bolmajak ºekilde semiz we oòuºyksyz häsiýetli roly ýerine
            ýetirýär.Filmiò gahrymany ýaºlygyndan uly ºäheriò gahrymany bolmagy arzuw edýär. Emma
            gulagynyò agyrlygy sebäpli, maksadyna ýetip bilmeýär. Üstesine hem söýýän gyzyna
            öýlenip bilmänligi üçin içgini köp içip, göwnüçökgünlige düºýär. Ol uly
            ºäherlerden gelen poliseýleriò kanuna sygmaýan iºleri edýändiklerini görenden
            soò terkidünýälikden el çekýär.
 
 Geò ºikaýat
 
 Ozalky filmlerindäkä garanyòda has daýaw Stallone “Cop Land” filminde Robert De
            Niro, Harweý Keýtel we Raý Liotta ýaly atly aktýorlar bilen surata düºdi.
 Stallone döwüºli filmleri özboluºly bir sungat hasaplaýar. Onuò aýtmagyna görä,
            bu filmler taryhdaky dessanlaryò we migologik gahrymanlaryò XX asyrdaky täze
            öwüºginine meòzeýär. Stallone soòky üç ýylyò içinde üç gezek agentligini
            çalºyrdy. Onuò sebäbi bolsa, agentlikleriò Stallonä kireýine alnan ýarag
            hökmünde garap, döwüºli filmlerde ulanmaklarydyr. Ol döwüºli, ýöne özüniò
            aktýorlyk stilini hem ýüze çykaryp biljek filmlerde oýnamak isleýär. Ol bu baradaky
            arzuwyny ºeýle beýan edýär: “Maýkl Duglasyò oýnan rollaryny oýnamak
            isleýärin. “Scent of Woman” (“Aýalyò ysy”) filminde Al Poçinonyò roluny
            ýerine ýetirmek üçin islän zatlaryny bererdim. “Usual Suspects” (“Adaty
            ºübheler”) filminde bolsa, birnäçe sekund görünsem-de, hoºal bolardym.
            Bilýärin, tomaºaçylar meni miòa meòzeº rollarda göz öòüne getirenoklar, emma
            mundan soòra öwreniºseler gowy bolar”.
 
 Döwüºli filmleri dowam etmekçi
 
 Ýaºynyò bir çene barmagyna garamazdan, döwüºli filmlerde oýnamagy dowam etmek
            isleýändigini aýdan Stallone: “80 ýaºyndaky adamyò tanklaryò garºysyna atylyp
            çykmagy ýaly arzan epizodlar tomaºaçynyò göwnünden turýan bolsa, bu rollary dowam
            etmegime böwet ýok. Muòa iò gowy mysal hökmünde Sin Konneriniò “The Rock”
            (“Gaýa”) filmini görkezip bolar. Film akyl bilen oýnuò dartgynlylygyny bir ýere
            birleºdirip, döwüºli filmleriò naýbaºysy bolmagyny dowam edýär” diýdi.
            “Rembony” söýýänler üçinem bir täzelik bar. Ýakynda “Rembo-4” filminiò
            surata düºürilip baºlanjakdygy habar berildi.
 Taýýarlan ªatlyk
            Ataýew   |