|  |  | 
          
            | SEÝITNAZAR SEÝDI |  
            | Mazmuny:
 
              Goºgulary:(seydi-2.htm)
 
 Döredijiligi  Seýitnazar Seýdi kalbyndan joºup çykan ylhamyny
            halkyna bagyº eden ºahyrdyr. Onuò döredijiligi ýaºan döwrüniò, at üstünde
            geçiren pursatlarynyò wakalary bilen sazlaºyp gidýär. ªahyryò döredijiliginde
            watançylyk, harby-gahrymançylyk, durmuºy, dostluk-agzybirlik temalary uly orun tutýar.
 Watançylyk, harby-gahrymançylyk temasyDaºary duºmanlara garºy göreºler Seýitnazar Seýdini taplaýar. Ol ata çykyp,
            duºmana garºy göreºmek bilen birlikde, halky duºmana garºy aýaga galdyrmak, olaryò
            göwnüni götermek üçin eline galam alan ºahyrdyr. Watanyò, il-günüò namysy diýip
            urýan ºahyr kalbyndan syzylyp çykýan setirler munuò aýdyò ºaýadydyr. ªahyr bu
            temada “Dönmenem, begler”, “Görülsin indi”, “Baraýlyò”, “Goçaklar”,
            “Çykyp gideliò”, “Ärsarynyò ýigitleri” ýaly goºgularyny döredipdir.
 Öz watanynyò tebigatyny jany-teni bilen söýen ºahyr oòa bolan çäksiz söýgüsini
            “Sen çölüò” goºgusynda beripdir.
 Seýitnazar Seýdiniò “Bedew” atly goºgusy-da watançylyk, harby-gahrymançylyk
            temada ýazylan goºgularynyò ruhy bilen sepleºip gidýär.
 
 Söýgi temasy
 Seýitnazar Seýdiniò bu temada ýazan goºgularynyò gymmaty onuò gelin-gyzlaryò
            edep-ekramyny, ajaýyp gylyk-häsiýetlerini wasp edenligindedir. Bu temada ºahyryò
            “Gel, Arzygül, görüºeli”, “Ahy-zar olar”, “Eý, ýary-Horezmi” ýaly
            birnäçe goºgulary bar.
   |  
            | Geziº ýoly: Baº
            / Edebiýat / XVIII asyr türkmen
            edebiýaty / Seýitnazar Seýdi |  
            | 
 |  
            | © TM (2001)Sahypa barada
 | Ýokaryk  |  
            |  |  |  Seýitnazar
        Seýdi (1760-1828)
 Seýitnazar Seýdi, takmynan, 1760-njy ýylda (öòki maglumatlara
        görä 1775-nji ýylda) Lebap welaýatynyò häzirki Garabekewül etrabynyò Lamma
        obasynda eneden dogulýar. Ol ärsary türkmenlerinden bolup, ömrüniò köpüsini
        Amyderýa boýlarynda geçiripdir.ªahyr baºlangyç bilimi öz obalarynda alýar. Soòra ol, halk gürrüòlerine görä,
        Buharada okapdyr. Ol medrese bilimini alan adam bolsa-da, ylym öwretmek ýa-da
        mollaçylyk etmek bilen meºgullanman, öz ylmyny, güýjüni ýurduò abadançylygyny
        goramaga bagyº edipdir.
 Onuò iki sany zürýady bolup, olaryò ikisi-de ýaºlykda aradan çykýar.
 Seýitnazar Seýdi ömrüniò aglabasyny at üstünde geçirmek bilen, Buhara emiri
        Mirhaýdara garºy söweºde-de, onuò yzygiderli çapawulçylygy sebäpli Lebapdan Mara
        göçüp gelen döwürlerinde Eýran basybalyjylaryna garºy göreºde-de ýigitlere
        ýolbaºçylyk edipdir.
 Ol Mara göçüp gelen ärsarylar, sakarlar bilen birlikde ömrüniò ahyrlarynda öòki
        oturymly ýerlerine dolanyp gelýär.
 Seýitnazar Seýdi ºol wakadan bir ýyl töweregi geçenden soò 1828-nji (öòki
        maglumatlara görä 1836-njy) ýylda aradan çykýar.
 |