| Mazmuny:
 
              (rowayatlar-2.htm) 
              (rowayatlar-3.htm) ÝOGALANYNY ÝAªYRSAÒAM...
 - Men-ä, käbäm, Hatam taý janyò ýogalanyny
            il-günden gizläp, onuò sahylyk ýörelgesini dowam etdirjekdirin.- Be, ºeý diýsene?! Ýöne, oglum, bir zat, sen onuò aradan çykanyny jemagatdan
            ýaºyryp bilersiò. Oòa ynanýan. Emma Hatam janyò eli açyklyk kesbini welin, her zat
            etseòem, bilmejekdigiòi aýnyhata aòýan.
 - Nädip aòýaò?
 - Sebäbi sen iòòäbäbekkäò gujagyma gysyp, emdirip ugramda bir çagajyk golaýyma
            geläýse, ol agzyòdakyny kakyp barýan ýaly, elden-aýakdan çykyºyòa, çyòsap
            baºlardyò.
 Hatam janym bolsa... Wah, oòa taý gelibiljek ýokdur-la! Ol ilki baºga bir bäbejigi
            elimde bökjedip göwsümi bermesem, goltugyma-da gelmezdi, emmesinem almazdy.
     GÜNDE BIR, HEPDEDE BIR... - Kaka, aý kaka! Düýn gyzar ikindinler gelýärkäm, ýolda ýüküm agdy. Hiç
            urubam bilmedim. Görsem, gaýraky hataryò aºak baºyndaky garaýagyz ýaºulynyò ogly
            gelýär. Emma bagrymy ýaryplar ýalbarsamam, ol ýükümi uruºmady. Onsoò oòa: “Sen
            asyl beýle ekeniò-ow. Gör, bakaly, biriòize dereserlik sataºaýsa, dädemi (Lukman
            hekimi) gapyòyzdan garatman” diýdim welin, yzyna gaòrylyp: “Ataòa aýdaý: günde
            bir, hepdede bir, aýda bir, hepdede bir” diýdi-de, ugruna gidiberdi.- Oh-ho-how! Onuò ýaly bolsa, ol adamlar seò ataòa myzahar bolup durmaz. Çünki olar,
            gün-ä göwnejaý edip ýyly yssydan doýýar. Hepde-de bir ýola-da ilki göwrümini
            giòedip, soòra suwa düºünýär. Aýda bir öwrä-de, kellebaºaýak çorbasyndan
            gähneýºine, ýylda bir saparam ýa balykdan doýar, ýa-da gan aldyrar. Ana, onsoò
            öz-özlerini seýisläp ýören ol adamlar seò ataòa kän bir ýüzem saraldaýmaz.
 
   ILI DIÒLE, ÖZ BILENIÒI ET Parasatly Jygalybeg Röwºenjigi syrtyna alyp, bazara ugrapdyr. ªonda birtopar adam:- Eºek amanat bolaýsa gerek, ýogsam artlaºyp münmezdiler - diýip, olaryò duºudan
            ötýär.
 Ol sözi eºiden garry agtygy bilen ulagyndan düºüºine, ony öòüne salyp sürgüläp
            ugraýar.
 - Bu akmaga serediò. Eºeg-ä boº. Özem dyzdan kirºeniò içi bilen aýagyny
            süýräp... Jyda bolmasa, ojagaz oglany bir mündürmeli ahyryn - diýip, soòky
            duºanlar dillenýär.
 Ondan soò goja eºege atlanyp, Göroglyjygy hem eýerdip ugraýar. Emma soòky duºanlar
            hem ýöne geçäýmändirler.
 - Eý-ho, bi zaòòaryò ýüregi nähilikä? Çaga ýetim-ýesir halatynda-da oòa beýle
            zulum edip bolmaz-a. Ol neress-ä süpüdikläp gelýär. Özi bolsa...
 - Oglum, Röwºenim, gel, eºege indi sen mün, pyýada men ýöräýin - diýip,
            Adybegiò atasy eºegiò öòüne düºüberýär.
 - Ýeri, indi muòa näme diýersiò?! A-how, aksakgal, oglanyò görjegi öòünde. Seò
            welin, köpüò ötüp, azyò galypdyr. Eºege özüò münseò bolmadymy?
 ªonda Jygalybeg agtygyna ýüzlenýär:
 - Görgüòmi, guzym? Ili diòle, ýöne öz bildigiòi et, hoºmy?
 
   ÝYLAN SAGAMOK Soltansöýün, ýagny Hüseýin Baýkara suwsap gelýärkä,
            bir aýal maºgala oòa çal guýup berýär:- Ysy janyòy alyp gelse-de, seò çalyòdan içjek däl. Halama ekeniò. Içinde gyl bar.
 - Içmeseòiz, içmäò, aga! Gyl gönezlige gatançdyr. Onsoòam men gylly geçi sagýan,
            ýylan sagamok - diýen laýykatly jogaby eºiden patyºa okarany baºyna çekipdir.
 
   BIR BAKYªDA DÖRT PASYL - Çalarak ýadyma düºýär. Atam pahyr bir bakyºda dört
            pasly hem synlap bilendiginiò gürrüòini beripdi. ªonda arman, üns etmändirin-dä.
            Belki, Myraly, sen ony...- ªahym, Soltansöýün, ºonda, megerem, ýaºulyòyz çeti çöle süsòäp duran
            belent baºly bir dagyò düýbünden ýörändir. Onsoò näme, dagyò depes-ä, güne
            gözüni ýyldyradyp ýatan garly gyº. Ondan aºagam lälesi ýakaºykly ýaz.
            Pesediräklerem miwe ýetikligi üçin meòzi solgunlan güýz. Ana, olar-a üç pasyl.
            Barýan ýerem çägesi çaýkanyp ýatan gorsawly gol bolaýsa, neneò onsoò
            ýaºulyòyz bir bakyºda dört pasly synlamasyn.
 
   NÄME SÜÝJI? Myralygyr Soltansöýün bir ýaòa ugranlarynda, patyºanyò
            ýene-de öòküleri ýaly, wezirine degºesi gelipdir:- Aýtsana, dünýäde iò süýji zat näm-ä?
 - Ýumurtga - diýen Myraly, ýetirmän-goýman gaýtargysyny suòºuransoò, ol gürrüò
            ºol taýda galýar.
 Aradan üç ýyl çemesem geçýär. Ine, bir günem olar tirkeºip ýola çykanlarynda,
            wezirini gepde gabamagy ýüregine düwen Soltansöýün: “Näderkäò?” pikiri bilen:
 - Näme bilen iýseò? - diýip, ºol öòki synagly sözüne dolanypdyr.
 Ýyldyrym ýalak ýatkeºligi bilen iò içi güjükli soraga sagynmazdan jaýdar jogaby
            berip bilmese, wah, ol Myraly boljakmy.
 - Duz bilen iýseò, ºahym!
 ªonda Soltansöýün içinden: “Her gezek ºuny uçuryga saljak bolup, uçugymy
            alsamam, ýene ýoknasyzlyk edýän-ow” diýºine, atyny gandyzlama bilen boluberipdir.
 
   GÜRRÜÒIÒ GUÝRUGY Soltansöýün patyºa nahar edinip gelýärkä, bir garry onuò
            öòüni kesip geçäýmezmi? ªonda gany depesine uran hökümdaryò bolmajysy bolýar.- Heý, sylaºyksyz pelit! Idinsiz aýaga çolaºyp, gürrüòiò guýrugynam-a basdyò.
            Bilip goý! Indi onuò üçinem-ä jogap bermeli borsuò.
 Bu ahwalata haýýaty göçen garry görgüli aglap-eòreýºine, garyp çatmasyndaky
            ýalòyz gyzynyò ýanyna gelýär.
 - Käbäm jan, näme ýaman hunabirýan görünýäò-le? Aýt ahyryn! Ýeri, saòa
            näbelalar ýolugaýdy?
 - Wah, jan balam! Meò nämelere dahyl gelendigimi sen sorama, menem aýtmaýyn.
 - Näme aýtman! Aýtsana, kaka jan!
 - Aýtsam, iºigaýdan janym, baºymyò salgyna, ýaòy Hüseýin Baýkaranyò öòüni
            kesip geçäýsem nätjek. Heòkirip ugransoò-a, üstümden gaýnag suw guýlan ýaly
            boldumam welin. “Soòky tüýkülik sakgal ezýämi” näme? Özem “Bujagaz
            ýoknasyzlygyò saòa gaty gymmat düºäýmese ýagºydyram” diýdi.
 - Ýa heý, käbäm jan! Patyºa halyna tapýany ºonuò ýaly tebähetsiz suòºurma
            bolsa, onuò jogabyny bermek meò bilen. Seò ýasy ýasy ýanyò ýerde bolsun. Gam
            iýme-de, nan iý, kaka jan!
 ªondan soò geçse bir hepde geçendir-dä. Ine, bir günem heleý öýlesi boluberende
            agyr sülsadyny eýerdip gelýän patyºa hälki ýaºulynyò iºiginde jylawy çekýär.
 - A gyz, ºujagaz öwsele, hol günki gürrüòiò guýrugyny basan peläkediòkimi?
 - Hawa, ºahym!
 - Aýt-da, onda, hany ataò?
 - Ol-a, ºahym, ýerdölede syçanyò ºahyny çarhlap otyr.
 - Bo-how! Gyz bar, seò aklyò bir ýerindemi? Heý, syçanyòam bir ºahy bormy?
 - Ýa heý, kyblaýy älem! Näme, gürrüòiò guýrugy bolanda, syçanyò ºahy bolmaly
            dälmi?
 Dowamy
            bar   |