|   (gurlan wagty XI asyr, täzeden rejelenen wagty XIV asyr) Abu Seýit kümmeti orta asyr Mäne ºäherinde XI asyrda kuwwatly seljuk
            döwletiniò emele gelýän we berkeýän döwründe, Horasanyò ykdysady taýdan gülläp
            ösýän wagtynda gurlupdyr. Kaka etrabynyò Mäne obasynda ýerleºýän bu ýadygärlik
            musulman ºeýhi, mistigi Abu Seýit ibn Abul Haýryò (968-1049) gubrunyò üstünde bina
            edilipdir. Halk arasynda bu ýadygärlik Mänebabanyò ýadygärligi hökmünde
            meºhurdyr.  Abu Seýit Demirgazyk Horasanyò syýasy we ruhy durmuºynda möhüm rol
            oýnapdyr. Onuò abraýy örän belent bolupdyr, hat-da Beýik Seljuk döwletini
            esaslandyryjylar bolan Çagry beg we Togrul beg “hökümdarlyga pata bermegi” üçin
            onuò ýanyna gelipdirler. Döwrüniò meºhur weziri Nyzam al-Mülk hem onuò ýanyna
            tagzym etmäge gelip gider eken. Abu Seýit ýogalandan soò musulman ruhanylary onuò
            guburynyò töwereginde onuò kultuny döredipdirler. Öz döwründe Abu Seýidiò gubury
            barada Soltan Sanjar we Horezmºasy Il Arslan alada edip durupdyrlar. Diwar paruslryò sekiz gyraòlysyndan ýazgylaryò giò zolagy bilen
            aýrylýar. Buz ýazgylar nash hatynda ýerine ýetirilipdir. Gümmeziò nagyºlary öz
            reòkleriniò ilkibaºdaky arassalygyny diýen ýaly saklapdyrlar, bu bolsa ony seýrek
            duºýan nusgalaryò arasyna goºýar. Ilkinji sapar bu kümmet XIX asyryò ahyrynda professor W.A. Žukowskiý
            tarapyndan öwrenilipdir. Ol peltagy bezeýän oýmuralaryò stili boýunça bu jaýy XV
            asyra degiºli edipdir. 1920-nji ýylda kümmeti barlan professorlar A.A. Semýonow, A.E.
            ªmidt we arhitektor A.P. Udalenkow bu ýadygärligi XIV asyryò ahyry diýip
            seneläpdirler. Demirgazyk Horasandaky kümmetleriniò stiliniò arhitektura analizi
            esasynda G.A. Pugaçenkowa kümmetiò bina edilen wagty XI asyryò ortasydyr diýlen täze
            seneleniºi teklip etdi.  Taraplary 10,3 metr bolan inedördül jaýly, iki gat gümmez bilen
            örtülen ilkibaºdaky desga XI asyrda taraplary 21-22-23 sm, galynlygy 4 sm bolan
            inedördül kerpiçden bina edilepdir. Gurluºygyò kuba meòzeº möçberi belent
            aýlawyò üstündäki gümmez bilen tamamlanypdyr. Jaýyò ºol wagtlar hem günbatara
            badyrylrn girelge peºtagy bolupdyr.  kümmetiò her diwarynyò iç ýüzünde aºaky bölüminde üç tagça
            bar. Diwarlaryò ýokarky üçünji bölegine her diwarda alty arkajyk edilip, tutuº
            hatar arka aýlanypdyr. Gümmeze geçmek arkaly paruslary we diwarlarda tekiz tagçalary
            bolan sekizgyraòlyk ýoly bilen amala aºyrylypdyr. Paruslar iri stalaktitler
            görnüºindäki gümmezleriò üç bölümli ulgamyndan düzülipdir. Sekizgyraòlygyò
            üstüni beýik bolmadyk 16 gyraò örtüpdir, onuò üstünde bolsa gümmez durýar. Daº
            ýüzünden gümmeziò düýbünde beýik bolmadyk 24 gyraòly aýlaw bar.  XIV asyryò I ýarymynda jaýy düýpli rejelemek iºleri geçirilipdir.
            Ýöne ol kümmetiò konstruktiw esaslaryna galtaºmandyr. kümmetiò iç ýüzi ýazgylar
            bilen gysganylman bezelipdir, peºtagy bolsa polihrom mozaika bilen baýlaºdyrylypdyr.
            Peºatgyò ýüzi we gümmezi tutuº ýüzlenipdir. Mozaik nagºy emele getiren reòkli
            oýmuralr gež ergini bilen berkidilipdir. Onuò esasy reòkleri gök, ýaºyl, ak,
            aýry-aýry goºmaça nagyºlar bolsa sary kaºin keramikasyndan edilipdir. Jaýyò öò
            ýüzüniò polihrom bezegi nash hatynda ýerine ýetirilen ýazgylary girizmek bilen
            geometrik nagyº esasynda düzülipdir. kümmetiniò iç ýüzündäki žiwopis nagyºalry
            ak düºegiò ýüzüne gök, gyzyl we käýerde pisse-ýaºyl reòk bilen edilipdir.
            Ösümlik nagyºlarynyò arasynda gozalary açylyºp duran gowaça düýpleri hem duº
            gelýär.   |