Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiıat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güımenje
...we º.m.

MAGTYMGULY


JANYNA DEGMEZ

Eı, ıaranlar, bir bigaırat ıigidiò,
Müò ıaman söz aıtsaò, janyna degmez;
Zynhar, düºmäò namartlaryò goluna,
Ger, öldürseò, nähak ganyna degmez.

Söz bilmeseò, bileniòi aıtmasaò,
Söz sözledip, söz aslyna ıetmeseò,
İaı çekeòde, dogry garap atmasaò,
Ol okuò nyºanaò ıanyna degmez.

Magtymguly, sözüò bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müò tümen iıdirseò azdyr,
Gözel bardyr, iıen nanyna degmez.

ıokaryk

KYL-U KAL BOLAR

Her kiºiniò iki bolsa aıaly,
Gije-gündiz iºi kyl-u kal bolar.
Her biriniò bardyr ıüz müò hyıaly,
Owkat sürüp, gördüjegi hal bolar.

Birin söıüp, birin eılese naçar,
Ile ryswa bolup, öz aıbyn açar,
Akly haıran bolup, baryndan geçer,
Deò tutmasa ıaryn, bikemal bolar.

Gähi bilbil kibi saırar tilleri,
Tomaºadan häzir eder illeri,
Gähi ıer ıumruklar, gähi-külleri,
Ärin göre bilse, tilsiz-lal bolar.

Gahr eıleıip, gelmez bolsa ıanyna,
Söz aıtmasa her biriniò ºanyna
Beıle är goºulmaz adam sanyna,
Iki hatyn, bir är-üç aıal bolar.

Magtymguly, kimse bilmez batyny,
Öılenseòiz, garap alyò zatyny,
Eıäm görkezmesin ıaman hatyny,
Adam özün bilmez, ham - hyıal bolar.

ıokaryk

DURASYÒ GELER

Gözel bardyr, gözellerden zyıada,
Anyò hyzmatynda durasyò geler;
Edepli, erkanly, mylaıymzada,
Tä ölinçäò bile ıöresiò geler.

Gözel bardyr, uzyn boıly, alkymy -
Garaòky gijede düºer ıalkymy,
Sözlegen sözleri misli bal kimi,
İaòagyndan posa alasyò geler.

Gözel bardyr, günde-günde görmeli,
ªol gözeliò syıa zülpün örmeli,
Döküp, hazynanyò zerin bermeli,
Anyò söwdasynda bolasyò geler.

Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,
Artmaz, ıuwmaz, tabagyny, daºyny,
Sylamaz atasyn, ene, ıaºyny,
Anyò hyzmatyndan gaçasyò geler.

Gözel bardyr, ak kagyz dek bilegi,
Jan içinde bile bolar ıüregi,
ªeıle gözel mert ıigidiò geregi,
Ne hajat istese, beresiò geler.

Magtymguly, syn gerekdir gözele,
Herne kysmat bolsa, tartar ezele,
Dünıä malyn harç et ıagºy gözele,
İamanyò ıanyndan gaçasyò geler.

ıokaryk

İÖR BILÄNI

Gel, köòül, ıara gideli,
Hemra bolsaò, ıör biläni!
İar ıolunda gadam goısak
Paı ornuna ser biläni.

Asmanyò görki enwerdir,
Dünıä görki sim-u zerdir,
Jeset-toprak, jan-jöwherdir,
Alyp bolmaz zer biläni.

ªunkaryò peri ıetiler,
Köp daºy ıyrak atylar,
İigidiò ady tutular
Garyndaº, hossar biläni.

Guwanmagyl syratyna -
Müner sen gahar atyna,
Duº bolsaò ıaman hatyna,
Ömrüò öter ºer biläni.

Bahyl baıda berim bolmaz,
Merdiò sözün bawer kylmaz,
Arwananyò ıüki galmaz,
İola girseò ner biläni.

Ganymatdyr gardaº ıüzi,
Dowadyr gadamy-tozy,
Bir eblehiò näkes sözi
Barabardyr nar biläni.

Pisiò garºysynda durma,
Bahylyò ıüzüni görme,
Ker bilen hylwat söz urma,
İola girme kör biläni!

İaman bilen ıoldaº bolma,
Duºman bile syrdaº bolma,
Tagamda tabakdaº bolma
Üflis haramhor biläni!

Iliòden gitseò awara,
ªonda bolar sen biçäre,
Goòºy bolsaò haramhora,
Sütem eılär zor biläni!

Algyl pendim, akmak kiºi,
Özüòe kylma käıiºi,
Götermese döwlet guºy,
Uçup bolmaz per biläni!

İagºyga özüò ıar eıle,
Mejlisinde bazar eıle,
Reft-amed kyl, mydar eıle,
Söweº etme ºir biläni!

Magtymguly, ıakyn, ıatlar,
Gamgynlar-u köòül ºatlar, -
Dünıä gelen barça zatlar
İegsan bolar ıer biläni!

ıokaryk

İYKMAİAN ÄRDEN

Hiç köòül ºatlygy çykmaz
Bir köòül ıykmaıan ärden.
İagºylyk tamasyn etmäò,
İamanlyk çykmaıan ärden.

Kimse ile beglik eder,
Bir jem bilen ıola gider,
Kethudalyk ıyrak gider,
İaman söz çekmeıen ärden.

İagºy är il aıbyn açmaz,
Göre-bile haram içmez,
İaradan ıazygyn geçmez,
Gözıaºyn dökmeıen ärden.

Eglenmez, eııam öwrüler,
Zaman öter, nyrh çöwrüler,
Agyr döwletler aırylar
Bir agza bakmaıan ärden.

Goçaklara ıasaw güni,
Gurda goımaz ºir awuny,
Pygamber bizar ıow güni,
İoldaºa bakmaıan ärden.

Öz-özünden akly ıetmez,
Akyllaryò sözün tutmaz,
İoksullyk ıok bolup gitmez,
On iº derk etmeıen ärden.

Magtymguly, ıangyl, öçgül,
İa lal otur, ıa dür saçgyl,
Bir guıruksyz itdir, gaçgyl
Nesihat ıokmaıan ärden!

 

Geziº ıoly: Baº / Edebiıat / XVIII asyr türkmen edebiıaty / Magtymguly (mazmuny)

© TM (2001)
Sahypa barada

İokaryk ıokaryk

170-magtym.jpg (14009 bytes)

Magtymguly, ıangyl, öçgül,
İa lal otur, ıa dür saçgyl,
Bir guıruksyz itdir, gaçgyl
Nesihat ıokmaıan ärden!