Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

HÜWDILER


Aýlanaýyn adyòdan,
Sallançakda badyòdan,
Bezenip ata çyksaò,
Çykarmagyn ýadyòdan.
Huwwa-huw...

Allaý-allaý edeýin,
Baga sallan edeýin,
Bagyò gyzyl gülüni,
Saòa gurban edeýin.

Aýlar gyzym almaly,
Aýda dokar bir haly,
Halysynyò kenary -
On barmagnyò hünäri.

Allaý-allaý el biter,
Nar agaja gül biter,
Üç ýaºyna baranda,
Saýrap duran dil biter.

Alma gözlim aýlançak,
Akar suwlar bulançak,
Altmyº baºly ak öýüò,
Geliºigi sallançak.

Meniò gülüm näzikdir,
Urmak, sökmek ýazykdyr,
Her ýaòagyn ysgasaò,
Alty aýlyk azykdyr.

Mergen bolup, guº ursaò,
Dagdan keýik düºürseò,
Düýä ýükläp getirip,
Kebap edip biºirseò.

Meniò jigim yºansyn,
Turup bilin guºansyn,
Müò tümenlik aty bar,
Duºman ondan üýºensin.

Allan-allan öwmeli,
Öò ýakasy düwmeli,
Saòa gelen belany
Daga-daºa kowmaly.

Meniò ballym ýatypdyr,
Gyzyl güle batypdyr,
Gyzyl gülüò tikeni
Gül aýagyna batypdyr.

Allalasam, aý seni,
Söýsem, göwnüm jaý seni,
Gyº gyºlasam, ýaz seni
Günde söýsem, az seni.

Oglanym owlak bakar,
Owlagnyò alny sakar,
Günortan sürüp gelip,
Çeºmeden suwa ýakar.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Halk döredijiligi / Hüwdiler

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

Hüwdüler çagany uklatmak üçin, esasan, sallançak ýanynda aýdylýan aýdymlardyr.