Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

KERIM GURBANNEPESOW


ÝÜREK POEMASY

“Pylanynyò ýerinde bolan bolsam,
köp zatlary düzederdim... ” “Ýok, her
haýsymyzyò öz ornumyzda näme iº
edip biljekdigimiz hakynda oýlanmalydyrys.
Men näme üçin doguldym?
Adamyò bütin ömri ºu soragyò jogabydyr.”

Okyja hatdan

 

BIR baºyò bar, müò iºiò bar dünýäde,
Müò ºükür! Ýykylyp galmaýºyò besdir.
Baryna ýetmeli paýy-pyýada,
Tigirçek hökman däl -
ªu köwºüò besdir.

Bir köwºüò tozdumy - ýene bir köwüº,
Ikinji tozdumy - üçünjä çalyº,
Her bagy çözlende ýer bilen emiº,
Toprak ajykdyrmaz -
ªol aºyò besdir.

Ertir bolmaz ýaly dilleriò peltek,
Täze menzillere ýetmeli entek.
Duºsa-da ýoluòda müò dürli kötek,
Diýme: “Dynç gulagym,
Aç baºym besdir!”

Haýwana mahsusdyr aç baº, dynç gulak,
Ynsana mahsus zat - döretmek, gurmak,
Döredilýän ýerde dynç almaz gursak,
Öò ene bagrynda
Dynç alºyò besdir.

Ýöremeli ýoluò gysgamy, uzak -
Durmak jenaýatdyr ýatýança ýürek.
Diýýärler: “Ýüregi aýamak gerek!”
Dogrudyr.
Ýöne öz aýaºyò besdir.

Ýürege girmezmiº ýüregin aýan,
Ýürek aýan - bermez iline peýan.
(Gapdalyòda barka bir tebip aýal -
Ýürek iºlär.
Ýalòyz syrdaºyò besdir).

Näçe dartylsa-da kebzäòde damar,
Gözüò ejizligi bermesin habar,
Sagmyò ýa näsagmyò - iºiòi oòar,
Baºda adam bolup
Döreýºiò besdir.

Öz seçen kärini oòarsa her kim,
Ýarpy ýeòledermiº dünýäniò ýükün.
Ýekeje hünäre ýöretseò höküm -
Iliòe bergidar bolmaýºyò besdir.

Sowal berdi student gyz Roza:
“Puºkin ýaly haçan ýazjak proza?”
Jogap berdim: “Ili goýman azara,
Goºgymy oòarsam,
ªol iºim besdir!”

Ýene biri diýdi: “Misli, Pyragy,
Sözleò merjeninden döret bir dagy!”
Men diýdim: “O zatlar möçberòe bagly,
Dag däl,
Meniò üçin bir daºam besdir!”

NANYÒY
goºgudan berse-de ykbal,
Goºgudan öò
adam bolmagyò hökman
ªygyr bilen uly ynsap birikmän -
ªahyr-da, ynsan-da bolmaýºyò besdir.

Ak bilen garadyr garagyò reòki,
ªolaò haýsy seniò ýüregiò reòki?
Birisini saýlap, diýme: “ªu meòki!”
Iller aýdar -
Birje ýylgyrºyò besdir.

Ömrüòde etdiòmi kiºä bahyllyk?
(Ili bahyllykdan gorar ºahyrlyk!)
Dünýäde bir müýnüò - aºyk Tahyrlyk.
Täk däl.
Goºa söýgä ýugrulºyò besdir.

Nirelerde ýörsüò ilkinji söýgi?
Bir ýerlerde barmyò gyzlaryò tugy?
Gumdan owaz geldi “Eý, yºkyò ogly,
Men bar.
Ýöne maòa ... guwanºyò besdir!”

Nirelerde ýörsüò, ilkinji söýgi?
Bir ýerlerde barmyò bagtymyò bagy?
Öýmüzden ses çykdy: “Eý, adam ogly,
“Söýýän! Söýýän!” diýip,
Ýaòraºyò besdir!”

Birisi Säheriò, biri Guºlugyò,
Biri Oglanlaryò, biri Ýaºlygyò.
Birinjisi - diòe salamlaºdygyò,
Ikinjä
Ömürlik baglanyºyò besdir.

ªeýdip pähim ýygnap söýgüden söýgä,
Ýetdiò on üç sany gülälek çaga.
ªolardan bäºisin gömüp ak çägä,
Bäº gezek
Gizlenip aglaýºyò besdir.

GÜLÜBER, iºläber, saýraber, ºahyr.
Hyjuwyò hiç haçan bolmasyn ahyr!
Bäºinji müçede diýdirip jahyl,
Dünýäniò mährinden
Doýmaºyò besdir.

Kalp däldir mähirsiz, söýgüsiz kalp.
(Beýle kalp ýa boºdur, ýogsa-da galp!)
Bir uly ýygnakda ör boýuna galyp,
diýdi biri:
“ªahyr, saýraºyò besdir!” -

Söýgüsiz oòmandyr, oòmazam ýürek.
Ýöne gapdalynda ýigrenjem gerek.
Ogra-jümrä, egrä gelende gezek, -
Diýdi ol - ýöwselläp,
Ýygrylºyò besdir!”

“Örän dogry! - diýdi yzdan bir gelin-
Näm üçin henizem ýatanok galyò?
Agam on ýyl ozal karz alan pulun
Henizem üzüp ýör...
Duýmaºyò besdir!”

Arman, ne sülçi sen, ne-de prokuror.
Ýöne igenmäge gelniò haky bar.
Seniò söz diýilýän ötgür okuò bar,
Atjak-atjak bolup,
Giç galºyò besdir.

ªygyr atylmaly! Ýeòmeli ºygyr!
ªoòa arkalanýar her köýen bagyr.
Döwrüò arkasyna düºen ýagyr
ªondan em almaly!
Ýalòyºyò besdir.

Söýgä çürºen bolsa öýkeniò ýary,
Indi il derdinden çürºmeli bary.
Ykbalyòdan nalap, çekmegin zary,
ªeýleräk täleýi
Saýlaºyò besdir.

ªygryòy dokuz aý bagryòda sakla,
ªondan soò stoluò üstüne okla.
Gygyryp dogur-da,
gygyrman oka,
Doglaòda
Gygyryp dogulºyò besdir.

Uludyryn öýtme etseler taryp!
Kiçidirin öýtme peseltse görip!
Ne uly, ne kiçi, ne baý, ne garyp,
Tüýs baryp ýatany-
ªu bolºuò besdir.

Ýalaòaç, aç-suwsuz galmasaò gatap,
Soranlara diýseò: “Aý, bardyr bir tap...”
Bir stol, üç keçe; iki müò kitap-
Baºga zat gerek däl,
ªo goºuò besdir.

Iºläòde iºleseò öz baºyò bilen,
Gyºlaòda gyºlasaò öz gyºyò bilen,
Diºläni diºleseò öz diºiò bilen -
Gädijegem bolsa,
Öz diºiò besdir.

Diº hakda, ýaº hakda irräk-le heniz!
Seret, bagyò içi säher dek tämiz,
Hanha iki gelin, ýene-de üç gyz
Saòa lak atýarlar.
ªu ýaºyò besdir.

Joralaò bäºisem misli gül-çeçek.
Ak gelin, seslendi misli ak ýüpek:
“ªahyr, büküljiräp ýöreme entek,
Sen garrama,
Dünýäò garraýºam besdir!”

Katdymy dikledim. Sowuldym ýoldan,
“Dinden çyk-diýlipdir-çykmagyn ilden!”
Oturdym, gülüºdim... Periºde däl men,
Adamdan doglupdym.
ªo dogºum besdir.

Goý, ýaºlyk mährinden güýç alsyn ýürek,
Ikisin okap ber
bir goºga derek.
Okadym. Ýol ogly ýolunda gerek:
“Hoº, gyzlar,
Biderek güýmeºim besdir!”

ÖÝMÜZE ugradym. ªäher lälezar.
Müò bagtly ýigit bar, nowça läle bar,
Olar ne geýme zar, ne-de bala zar,
Guwanyp,
Giò köçä sygmaºym besdir.

Ak ºäher gök baga basyrnyp otyr,
Ilerde Köpetdag keserlip otyr.
(Aºgabat tegelek asyrlyk otyr,
Ýene müò asyra
Gol berºim besdir.

Gündizler abadan, gijeler tämiz.
Kempirler owadan, gojalar eziz.
...Gök gapyò agzynda gulpaklyja gyz
“Waý!” diýip gygyrdy.
Ylgaºym besdir.

Bir görsem murtluja dodagyn gemrip,
Ogly atasyna çenäp dur ýumruk.
Ýigidiò ýumrugyn yzyna gaòryp,
Görejine bakdym:
Doòmaºym besdir.

Göreji buz ýaly, gaºlary gara.
Boýy iki metr, saçy üç sere.
Maºynyn dyrmalap seretdi ýere.
Ene hüòürdedi:
“Dogmaºyò besdir!”

Ata bir ah çekdi. Aýylganç dymdy.
(Erkekde beýle zat görmändim ºindi!)
ªu nokatdan eýläk geçmäýin indi,
Siz gyýylmaò,
Meniò gyýylºym besdir.

Ýöne men bir zady goýmaýyn kaza,
Ýogsa ýüregimde galar bir yza.
Ata el gatana
gözlense jeza,
Jezalaò
Ulusyn saýlaºym besdir.

Ýene ýola düºdim. Ýagtyldy köçe-
Göründi uzakdan aksakgal goja-
Miweli agaç dek eglip çalaja,
Gelýär ol,
Nurundan ganmyºym besdir.

Tanaýarmyò ýa-da tanaòokmy sen-
Bi:salam geçmäge dälsiò hakly sen.
Saçyò çalarsa-da,
düýnki tokly sen.
Gudraty
Ýüzüòe sylmaºyò besdir.

Ugradym.
Göründi ýene bir güneº-
Ak saç ene gelýär ak bagta meòzeº.
Yuwaº! Ýuwaº! Akja “Žiguly”, ýuwaº!
Ene geçsin! Ýoluò baglaºyò besdir.

Akja torbasynda käºirmi sogan,
Ene gelýär! Öòün kesmek gadagan!
Nirä sürnüp barýaò, taksiçi dogan?
Dogranyò kimdigin
Bilmeýºiò besdir.

Çyralaryn ýakdy ýüz ýaºly ºäher.
Gyzlaryò deminden döränmiº säher.
Ýöne säher
näçe bolsa-da ýeser,
Agºamy-da
Pesde goýmaºym besdir.

Hanha bir gyz gelýär
Sülgünmi, durna -
Gabaklary ýüpek, ýaòagy hurma.
Iò eziz, iò tanyº
ys urdy burna,
Baº Söýgimi ýatlap,
Köreºim besdir.

Gözleri-de tanyº, gaºy-da tanyº,
Giò alny-da tanyº, diºi-de tanyº.
On sekiz-on dokuz ýaºy-da tanyº,
Keºbin görüp,
ªagga derleºim besdir.

Bir golundan tutup ýandaky joraò,
Ýag dek akdy gitdi. Açyldy aram.
Soraò, eý, agaçlar,
ºo gyzdan soraò!
Keºbi tanyº!
Tanap bilmeºim besdir.

Agaçlaò birinden çykdy bir owaz:
“ªahyr, baºky Söýgiò balasy ºol gyz!”
ªo bada ýüregme girip bir nyýaz,
Esli wagt
Özüme gelmeºim besdir.

Bitipdir, ösüpdir enä mynasyp.
Gözler düýpsüz derýa, nury bihesip,
Söýjek ýigit,
sen bir galma binesip,
Sen jowranma,
Meniò jowranºym besdir!

Barýar topar-topar gyzlar-gelinler.
(ºäherliler hem-de myhman gelenler).
Söýgüden aglanlar ýa-da gülenler-
Haýsyòyz köp?
Size ýüzlenºim besdir.

Dymyp geçip barýar gözellik sili,
Her gözel-bir bagtyò sütüni ýaly.
(sütünler saklaýar Watany, ili!)
ªolarsyz
Ýetim dek müzzerºiò besdir.

Joºup Gözelligiò tolkunna görä,
Ýöräber ýaºlygyò akymna görä!
Çokul diýen zat hem akylòa görä
Ykjar eken
Ozal aòmaýºym besdir.

Öò ýanymdan barýar bir harman çogul.
Ýeòseden kükäp dur gözdäki akyl.
Ýanyndaky goç hem - duran bir nakyl!
Toraòòymy ýatlap,
Ýuwdunºym besdir.

Zyýany ýok! Söýüp gyzlaò naýbaºyn,
Öwrenipdiò dünýäò dürsün, ýalòyºyn.
(Söýmedige düºnüksizdir durmuºyò,
Söýen üçin -
Birje dem alºyò besdir).

Dünýäde
ºol Aýal sag gezip ýörkän,
Ýüregim daºdandyr, dagdandyr arkam.
ªonuò aýak yzy toprakda barkan-
Ýeri agyrtmaga
Dözmeýºim besdir.

MYDAM Gözellige dikip nazarym,
Gödekligi nyºanama alaryn.
...Myssarmaò, agsamaò, kapyýalarym,
Dim-dik ýöräò,
Size söýenºim besdir.

Bolsada-da myssyklyk, agsaklyk sende,
Eý, goºgym, bolmasyn biparhlyk sende!
Asmanyò astynda, ýeriò üstünde
Diòe
Biparhlardan eýmenºim besdir.

Maòlaýy bulutdyr. Nazary demir.
Gülküsi azapdyr. Ýylgyrºy jebir.
Ne-hä roman okar, ne-de bir ºygyr,
Gözleriò görende
Demigºiò besdir.

Bir maýyp ýykylyp, köçede ýatyr.
Biparhlyk seredip, içerde ýatyr.
Ýürekde rehim ýok, gözde howatyr.
Ýüzüne bakaòda
Düwünºiò besdir.

Ili ýagy çapsyn - däldir parhyna,
Bir ýurdy ýer howsun - däldir parhyna.
Gynanmak, guwanmak ýatdyr ruhuna,
Ony düwnük bilen deòeºim besdir.

Goºgym,
çaga däl sen, sakgallysyò sen,
Murtuò towlap, orta çykmalysyò sen,
Kimi öpüp, kimi çakmalysyò sen.
Diòe ºonda ºahyr ykballysyò sen.
Ýogsa
Gara ºaýa degmeºiò besdir.

ÖKJELERDEN gidip çüý dek formalar,
Döräpdir sagyrlak platformalar.
ªeýdiò-de arkaýyn ýöräò, durnalar,
Ýagºy zada
Sizçe begenºim besdir.

Deò ýarysy aºyk, deò ýary dogan,
WUZ-dan çogup çykdy ýüz gyz, ýüz oglan.
Gülgün köýnekli gyz, azajyk eglen,
Söz aýtjak!
Arzuwma meòzeºiò besdir.

Sagrysynda owlak gezibermeli,
Gözlerinde balyk ýüzübermeli,
Ýaòagyna goºgy ýazybermeli
Sen gyzy
Gelinlik belleýºim besdir.

Jaýyò içindenmi ýa-da astyndan,
Enäò sesi geldi ýeriò pestinden:
“Iki horjun puly okla üstümden!
Ýogsa gyz ýok! Pulsuz molaºyò besdir!”

Gorarys, eje jan, gyzlaryò erkin.
Galyò diýen zadyò bereris merkin.
Belläp onuò
üçün,
ýedisin,
kyrkyn,
Soò bolsa,
Aºyndan doýmaºym besdir...

Geçdi gapdalymdan, ýüz oglan, ýüz gyz,
Ädimler edepli, gürrüòler eziz.
Ýöne näçe-näçe hile bar heniz,
Içine gir,
Daºdan synlaºyò besdir!

Salam berip geçdi tanyº bir gelin.
Bagry pide-pide, ýüregi dilim.
Eý, gelin,
asmana ýetýärkä eliò,
Söýgi bilen
Gurjak oýnaýºyò besdir.

Ol ýigide seni çatmandy hiç kim,
ªepbik dek ýelmeºdiò.
Tirkeºdiò üç gün.
Dördünji gün derrew sypadyò saçyn,
Baºinji gün
Eýýäm aldanºyò besdir.

Peseltdiò mukaddes mertebäòi sen,
Aýlap ýere çaldyò gyz jygaòy sen.
Indem
baºa düºen pajygaòy sen
Içiòe sygdyrman,
Aglaºyò besdir.

Erkin-ygtyýaryò, elbetde, seòki,
Ýöne weli dälsiò özüò özüòki!
Özüò - Watanyòky, Watan - biziòki.
Seni Watan kimin
Gabanºym besdir...

GEPLEDI Aºgabat. Ýaòlandy konsert.
Özgert, aýdym, gödek zatlary özgert!
Her gezek tenime girende bir dert,
Diòe seni diòläp,
Sagalºym besdir.

Tutuº bagrym bilen guwanyp ýagºa,
Öýe ýetip barýan diò salyp bagºa.
Hiý, ºu wagtam
signal bolar oguºýar!
Eý, maºyn,
Bimahal gugurºyò besdir.

Göter, Sahy bagºy, ýene-de göter,
Göter, Çuwal bagºy, ondanam beter.
Göterdiler. Serpaý haýsyna ýeter?
Bir serpaýy
Des-deò paýlaºym besdir.

Ikisi-de biri-birinden beýik
(Beýikleò boýuny ölçemek aýyp!)
“Her haýsy bir dagyò örküji” diýip,
Goºa daga
Dep-deò paýlaºym besdir.

Aýdymyò yzyndan ýaòlandy bir saz.
Bu niçik gudratka, bu niçik owaz?
(Mylly atam
gowºat taryòy biraz.
Ogluòy jadylap
Gynaýºyò besdir).

Onýança ýaòlandy ýene bir mukam.
Çalýanlaò ýüregi hazynamykan?
...EÝ, AÇGÖZ,
ºuò ýaly baýlygymyz barkan,
Ýene baýlyk gözläp,
Aýnaºyò besdir.

Besdir mukam ýerne çiºlik sygnaºyò.
Besdir alkyº ýerne gyzyl ýygnaºyò,
Besdir ili ütüp, gapa sygmaºyò,
Ynsabyòy satyp,
Ýognaºyò besdir.

Özüòki hasaplap il-günüò jübsün,
Sokjap, ýara edip döwletiò göwsün,
Dost-ýaran tutunyp adamlaò pisin,
Halallary
Adam sanmaºyò besdir.

Rüstemiò öòünde-billeriò orak,
Asgynyò öòünde-kamatyò derek.
Diòe agzyò gülýär, gülenok ýürek-
Çaòòalak dek
Sort-sort ýylgyrºyò besdir.

Jaýyòa seretseò-aòk edýär nagºy.
(Daºyn görýär, için bilenok goòºy!)
Ýaºaýyº jaýymy, ªasenem köºgi! -
Nämedigin
Zordan saýgarºyò besdir.

Derwezäniò öòi-giden çarbaglyk.
ªapyrdap ses edýär howzuòda balyk,
Gol çekip alýanyò näçeräk aýlyk?
Ortaça iºçiòkä
Deòleºim besdir.

Emma jamyò gyzyl, çäýnegiò gyzyl
Portsigaryò gyzyl, äýnegiò gyzyl.
“Näme üçin dälkä köýnegim gyzyl?”
Müò ºükür,
Bir ºony diýmeºiò besdir.

Ne ýasda görünýäò, ne-de bir toýda.
(Bilemok çal beýniò niçiksi küýde!)
Goòºyò ýas baglaýar, sen bolsa öýde,
Äpiºgeden jyklap,
Gözleºiò besdir.

Daºyòdan seretseò - duran medeniýet
Boýnuòda galstuk, egniòde jilet.
Eýläòde žurnal dur, eliòde gazet,
Diòe tiražlaryn
Barlaºyò besdir.

Öýüòde heòläp dur.
Bäº ºkaf kitap -
Puºkin, Baýron ýatyr daº ýaly gatap,
Kerbabaýew dik dur iç-bagry tütäp...
Kitaplaryò diòe arkasyn sypap,
Saraýyò goýny dek
Synlaºyò besdir.

Okaýan kitabyò diòe bir Haýýam,
ªonam öz haýryòa ulanýaò, haýwan!
“Käte köpräk içsem, käýäýse aýal,
Diýýäò: “ªu ºahyra
Daýanºym besdir!”

Ähli hereketiò hasaba görä,
Ýeke gymyldyò ýok ynsaba görä.
Diòe içen wagtyò,
kitaba görä
“Içip”,
Haýýamy-da aldaºyò besdir.

Güjügòi-de öz heòiòde jöwledýäò.
Piºigòe-de öz häsiýetiò öwredýäò.
(Goºgymy-da özüò ýaly ownadýaò!)
Eý, goºgym, belent dur!
Ownaºyò besdir.

ªEÝLE pikirleri kalbyma gaplap,
Barýaryn mukama tenimi taplap.
Eý, mukam, dünýäni hapadan saplap
Bolmazmyka?
Jogap soraºym besdir.

Hapalyk azlykdyr. Tämizlik köplük.
Ýagyberse-durmaz öòünde süplük.
Ýagmaýan adamyò nyrhy bir köpük.
Çak, ýag, göreº!
Guk-paòk oýnaºyò besdir!

Onýança baºlandy ýyldyrym urºy.
Birden ºaglap geldi tomusyò ýagºy.
Diòse ýagºy,
guýsa ondanam ýagºy-
Ak ýagºy
Ak bagta deòeºim besdir.

Ýaplara gapgarlyp çöp-çalam, hapa,
Çagbanyò güýjünden döredi depe.
Ýene müòder-müòder ugrady çepe!
Gidiber!
Kenardan çogmaºyò besdir!

Çöpler bir-biriniò baºyndan idip,
Kirler bir-biriniò üstünden ädip,
Gitdiler...
Dünýänem ýuwarys ºeýdip!
Il güýjüne
Umyt baglaºym besdir.

Ýagyº ýagmasyny etdirýär dowam.
(Çabga, sende güýç bar, akylym haýran!)
Süllümbaý boldum-la! Hany saýawan?
Ýok gerek däl.
Kirden ýuwulºym besdir.

Megerem, gygyrsam:
“Ös, saçym, ös, ös!”
Maòlaýma saç biter. Seç, ýagmyram, seç!
Saçym gögermedi. (Gögermänler geç,
Bir mahal
Telpegme sygmaºyò besdir!)

ÝAGYª diòdi. Dünýä gül açdy niçik.
Äpiºgeler açyk, iºikler açyk.
Bütin ºäher mawy ekrany açyp,
“Wagty” diòläp otyr.
Säginºim besdir.

Öýmüze çaltrak ýetmeli hökman.
Ýene-de nämeler tapdyka Ak tam?
Pentagon. Neýtron... Ertire çykman
Bir goºgy ýazmaly.
Äwmeºiò besdir.

Ýetdim köçämize. Garaldy iòrik.
Çagalar çapyp ýör gök hyýar gemrip.
Olaryò ºatlygna bolup deò ºärik.
Gapa ýetenimi
Duýmaºym besdir.

Öýe girdim. Derrew towladym “Wagty”.
Mawy ekran saçdy öýmüze ýagty.
Diýdi: “Eý, adamzat, geçirme wagty,
Erte giç bor.
Bidert ýaýnaºyò besdir! -

Asyryò aýagy - ullakan synag.
Dikeldi dünýäde iò elhenç sorag:
“Ýere miras goýjak nähili sylag -
Adammy, kerpiçmi?-
Saýlaºyò besdir!”-

Soòra howa hakda sözledi diktor.
Tebigatyò erbet howasy ýokdur!
Gökden ajal ýagsa - ºol hatarrakdyr.
Eý, Koen,
Ajala çagyrºyò besdir!

Wagºy neýtronyò wagºy atasy.
Belli dälmi saòa dünýäò kartasy?
Öýüò üçin däl-de,
Ýeriò ortasy
Üçin
wagºy ogul dogurºyò besdir.

Berline çen ölçäp garyºma-garyº,
Ýigrimi milliony edipdik bagyº.
ªonda pida bilen öldürilen Uruº,
Ýene-de täzeden
Janlanºyò besdir!

Birdenkä ýene-de ýyldyrym çakdy.
Göýä bir okean topraga çökdi.
Ýeri aklyk tutdy. Garalyk akdy.
Gudrata
Demsalym aòalºym besdir.

ÇABGA kiparlady. Gepleºik tamam.
Gapynyò öòünde eºdildi salam.
Kim bolsaò-da derrew girewer myhman,
Bu dünýäde
Sensiz oòmaºym besdir.

Täze baºlan goºgym gutarman ýatyr.
Bu gün ýazylmasa, ýazylar ertir!
Häzirlikçe eziz myhmanym otyr,
Gözlerinden
Gözüm sowmaºym besdir.

Ol gitdi. Ýene-de kakyldy gapy.
Ugradanym birdi, gelenler iki.
Birmi, onmy - deòdir myhmanyò ýüki,
Çydapdym, çydaryn,
Sag baºym besdir.

Ätledi gapydan ýegendir ata.
Derrew gözüm düºdi attestat-hata.
Diýdi: “Hany ºu ýyl gal-da gaýrata,
Ýegeniòi okat!
Ýaýdanºyò besdir!”

“Okuwlaò haýsyna girmekçi ýegen?”
“Köplük nirä bolsa, ºo ýere-de men...”
Garalawjy boljak! “Oòardyò-ow sen,
Bu dünýäniò
Öòki sögüºem besdir.”

“Näm üçin ºol ugra dyzaýar hemme?”
Ata gönüledi: “Gözlüje emme!
Sen o zatlar hakda pikire çümme,
Diýenime “Hoº” diý.
Bir “Hoºuò” besdir”.

Diýdim: “Eltäýeli edebiýat, dile?”
Atasy ör turdy çemçesi bile.
“Bälçireme!- diýip, ýylgyrdy çala -
Ol ugurdan
Seniò çygylºyò besdir!”

Ataò sözlerine bersem-de jogap,
Özi-de, ogly-da etmedi togap.
(Olar gitdi, ýene baºlandy azap,
Ýazyber, üýtgeme,
Öz bolºuò besdir!)

Özüò üýtgeme-de, üýtgäni üýtget!
ªudur maòlaýyòa çyzylan kysmat.
ªony baºarmasaò - gopgunòy bes et,
Kyrk ýyllap,
Bihuda samraºyò besdir!

Baº waspyò bolsa-da Gözellik, Gowluk,
ªeriò gapdalyndan geçmegin sowlup,
Oòa öz sözüòi aýtmaga howluk,
Aýtmasaò ol aýdar,
Giç galºyò besdir.

Watan, baýdak, söýgi, kommunist, il-gün
Bu bäº sözi parhsyz heçjiklemegin,
Dilde däl,
kalbyòda göterip bilgin,
Olardan
Howa dek dem alºyò besdir.

ªygryò bilen edip olara kömek,
Kömek soramagyn kömegòe derek.
Diòe mahal-mahal
sanjanda ýürek,
Il-günden
Kuwwat soraºyò besdir.

Ýagºymy, ýamanmy, ºudur ýaraºyò,
Göwräò söýgüdendir, bolmaz gargyºyò,
Iò uly gargyºyò: “Päliò-ýoldaºyò”
Özüòe-de
Päliò - ýoldaºyò besdir.

Arzuwyò -
Ýüz ýaºa bolmakdyr ºaýat.
Ýöne uzak ýaºdan taparmyò myrat?
Dertlä em bermeseò, ejize kuwwat-
Ägirt betbagtlykdyr ýüz ýaº diýen zat.
...Il näçe ýaºatsa -
ªol ýaºyò besdir.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / XX asyr türkmen edebiýaty / Kerim Gurbannepesow (mazmuny)

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

Arzuwyò -
Ýüz ýaºa bolmakdyr ºaýat.
Ýöne uzak ýaºdan taparmyò myrat?
Dertlä em bermeseò, ejize kuwwat-
Ägirt betbagtlykdyr ýüz ýaº diýen zat.
...Il näçe ýaºatsa -
ªol ýaºyò besdir.