Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

GURBANNAZAR EZIZOW


TABYT

(Hekaýa)

Meniò atam bardy, atamyòam tabydy. Onuò haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyò tabydynyò bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan ºol berdaºly tabyt biziò ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziò günortanlary hem ýerzemine girmek miýesser gelende, ýok zatlar ýadyma düºüp, depe saçym üýºýärdi.

Iò beteri hem, ol tabyt mende adamyò kellesine gelip biljek iç ýürekgysdyryjy, iò bir tukat pikirleri oýarýardy. ªäheriò giden bir raýonynda bizden baºga hiç kimde tabyt bolmansoò, onuò hyrydaram kändi. Kä günler ikiläp-üçläp hyrydar tapylýardy.

Özümiziò saklap ýören ºu geò emlägimize men ne begenjegimi bilýärdim, ne-de gynanjagymy. Tabydyò hyrydarlary zol gapymyzy kakyp duransoòlar, men “adamlar diòe ölýärler-ow” diýip pikir edýärdim.
ªol tabyt howlymyzda peýda bolandan soò, atam bilen kakamyò arasynda ownukly-irili çaknyºmalar döräp baºlady.

- Kaka, sogap gazanmaga baºga ýol ýokmudy? - diýip, kakam atamyò göwnüne degmez ýaly, seresabrak äheò bilen aýdardy.
- Ýerimiz darlyk edenok, oglum! - diýip, atam sakgalyny sypalardy. - Ýolda-yzda oòa büdrejek gümanyò ýok. Ol ýerzeminde.
- Ol-a ºeýle welin...
- Ýeri, weliniò näme?...
- Howluda tabyt bolansoò, bu gün-erte ajal gelip ýakaòdan tutaýjak ýaly bolup dur...
Atam ºundan soò myssaja ýylgyrardy-da:
- Gowy bor, oglum, gowy bor, käwagt ölüm hakynda pikir edäýmegem ýerliksiz bolmaz - diýerdi. - Onsoòam, özüò bilýäò, bu jelegaýda hiç kimde tabyt ýok ahyryn.
Gürrüò ºunda gutardy.
Gapy bolsa ºol kakylyp durandyr.
Äkidilende üstüni ýukajyk tozan gatlagy basan tabydymyz gaýdyp gelende, ýuwlup-ardylyp, öz gögümtil reòki bilen enaýy öwüºgin berýärdi.
Kakam ara wagt salyp, ýene atama igenerdi:
- Kaka diýýän-ä, ºu tabyt saklamagyò gowy niýetmi?
- Gowy niýetmi, erbet niýetmi, onçasyny özüò bil. Ýöne adam diýeniò sen isleseòem ölýändir, islemeseòem. Il derdine ýarajak ºaýyò ºumam bolsa, saklamak erbet däldir. Ine, men erte ölerin. ªonda nädersiò? Iki sany ýasy ºalmanyò üstünde ýuwup, ºoòa mündüribem ýola salaryn diýjekmi?
Atamyò gaharynyò gelenini bilip, kakam ýene yzyna dolanardy.
Adamlar bolsa ºol gelip durandyr.
Wagtal-wagtal atam tabydy howlynyò ortasyna çykaryp, sallançak bejeren ýaly, onuò gowºan çüýlerini berkiderdi, eger reòki solupdyr diýip pikir etse, alardy-da reòkläp goýbererdi.
ªeýli söýgi bilen tabydy bejerýän atama men näme diýip näme aýtjagymy bilemokdym: “Onuò ähli duýgusy ölen bolara çemeli” diýip, içimi geplederdim.
Ýaz geçip tomus, tomus geçip güýz geldi. Baglaryò saralan ýapraklary ýere ºeýle bir göwünsiz gaçýardy welin, göwnüòe bolmasa, olar, iò bolmanda, ölümiò öò ýüzünde howada bir salym saklanmaly diýýän ýalydy.
Günleriò birinde kakam pýan bolup gelip, atamdan idinsiz tabydy ýerzeminden çykardy-da, ony palta bilen kül-owram etdi:
- Kim saklasa, ºol saklasyn. Men indiden beýläk beýli jeza çydam edip bilmen.
Penjireden seredip duran atamyò gazaply sesi gulagyma ildi:
- Haý, wenezzyna!
Ol ºundan baºga bir sözem diýmedi-de, içini çekip, aºak çökdi. Penjiräniò aòyrsynda onuò nä haldadygyny bilemok, bilmänime-de ºükür edýärdim.
...Güýz paslynyò irginsiz ýagºy ýaly, tabyt gereklilerem ºol gapyny kakyp durýardylar. “Tabyd-a ýokdur” diýen jogaby eºidensoòlar, olar ýagºyò astynda niräk gitjeklerini bilmän, aljyraòòy halda maslahatlaºýardylar. “Aý, bul-a bolmady” diýºip zeýrenýärdiler.
ªeýle ýagdaýy görensoò, atam ahmyrdan hem-de gynançdan ýaòa müzzerip galýardy, kakamyò ýüzüne gazap bilen seredýärdi-de, öz jaýyna geçip gidýärdi.
Tiz wagtdan soò segsene ser uran atamyò haly ýaramazlaºyp ugrady. Ýanyny mazaly ýere beren atam täretinem düºekde etmeli bolýardy. Onuò indi galmajagyna gözi ýetensoò, kakam dogan-garyndaºlarymyza, dost-ýarlarymyza habar etdi: hoºlaºmakçy bolsaòyz gijä galmaò!
Esasy geljek adamlar gelip ýetiºensoò, atam uzak jepa çekmän jan berdi.
Pahyr agºamara jan berensoò, ertir ir bilen jaýlamaly diýen maslahata gelindi. Ertirki gopjak howsaladan hiç kimiò habary bolmansoò, kakam haýal etmän atamyò doganyna - ýaºulymyza tabydyò ýoklugyny aýtmaly boldy. ªuòa-da ºükür.
Adamlar tabyt gözleginde ikiýana urnup ugradylar. Gijäniò ýaryna çenli tabydy bolaýjak adamlaryò hemmesiniò gapysy kakyldy. Gidenem iki elini burnuna sokup gelýärdi. “Be, adamlar hem meniò kakam ýaly pikir edýän bolara çemeli: ºol ºum zady bir saklamaly. Gerek bolsa, ilçilikdir, elbetde, tapylar” diýýändirler diýip, men içimi gepledýärdim.
Uly bir ºäherde tabyt ýokdy...
Ahyry daò saz berende, bir ýagºy adam gapymyzyò agzynda maºynyny duruzdy-da, howla gygyrdy:
- Birki sany adam çyksyn, haw!
Howla reòki saralan, çagºap giden tabydy saldylar. Ilçilik-dä, ºuòa-da ºükür!
Gün guºluk bolanda, atamy tabyda mündürip ýola düºdük.
Men öòem bu ýoldan telim gezek geçipdim. Emma ol hiç wagt ºu gezekki ýaly tagaºyksyz, geò bolup görünmändi. Elleriò üstünde jygyldap barýan betgelºik tabytda ýatan atam, göwnüme bolmasa, häzir kellesini galdyryp:
- Oglum, maòa çekiçdir çüý, reòk getir, bu tabydy päbrikden çykma edeli - diýäýjek ýalydy.
...Adam soòky gezek ynjamaz ýaly, tabytlar berk bolmalydyr.
Gerek bolaýýar.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / XX asyr türkmen edebiýaty / Gurbannazar Ezizow (mazmuny)

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

Tabydyò hyrydarlary zol gapymyzy kakyp duransoòlar, men “adamlar diòe ölýärler-ow” diýip pikir edýärdim.