| Hudaýberdi gorkak bilen tilki  Bir bar eken,
            bir ýok eken, Hudaýberdi diýen bir adam bar eken. Ol örän gorkak eken. Möjekdir
            ºagal-a beýle-de dursun, tilkiden dagam gorkar eken. Onuò iki sany aýaly bar eken.
            Bir günden bir gün munuò aýallarynyò her haýsy bir alaça dokapdyr. Hudaýberdi bu
            alaçalary satmak üçin ýabysyny münüp, bazara ugranda, aýallary halwa hem süýji
            sargapdyrlar. Ol ýabysyny loòkuldadyp barýarka, öòünden bir tilki çykyp: - Hudaýberdi, nirä gitjek, how! - diýýär.
 Hudaýberdi gorkak tilkiden çekinjiräp, dogrusundan gelipdir:
 - Aý, aýallarym bir-iki any alaça dokapdyrlar-da, ºony “Satyp gel” diýip
            iberdiler - diýýär.
 Onda tilki:
 - Bazarda satjak bolup ýörme-de, maòa sataý, häli bazardan gaýdaòda, puluòy
            öòünden ýykarar-da beräýerin - diýýär.
 
  Hudaýberdi
            gorkak bolsa: - Boljak onda, ýöne sen meni köp garaºdyraýmagyn, bazardan gelýänçäm, öòümden
            çykaryp, taýyn edip durgyn! - diýýär.
 Tilki:
 - Aý, sen arkaýyn bolaý, öòüòden puluòy taýýar edip goýaryn - diýýär.
 Hudaýberdi gorkak munuò sözüne ynanyp, bazara gidip, baryp bazarda gezen bolup
            ýörmüº. Bazary pulsyz bazarlap, ol aýallarynyò sargan zatlaryny hem alyp bilmeýär.
            Onsoò ýabyjygyny münüp, ýene yzyna gaýdýar. Ýolda tilkiden pul aljak adam,
            ýabysynyò üstünde telpegini gyºyjak atan bolup, hiòlenip gelýärmiº. Hälki
            alaçayny satan ýerine gelse, tilki nirde, zat nirde, pul nirde - gum-gukluk. Hudaýberdi
            gorkak aòalyp, durup-durup, kän garaºyp, ahyry alaçsyz bolup öýüne gaýdýar.
            Gelip, boº horjunyny goltuklap öýüne girýär.
 Aýallaryny her haýsy bir ýerden:
 - Süýji äkeldiòmi? Halwa äkeldiòmi? - diýºip, munuò horjunyny alyp görseler, ine
            öòküsi ýaly bora-boº horjun.
 Olar:
 - Eri, näme, sargan zadymyzy almansyò. Ýa alaçany satyp bilmediòmi? - diýip
            soraýarlar.
 Hudaýberdi gorkak:
 - Aý, heleýjanlar, biler bolsaòyz, bazara barýarkam, öòümden bir tilki çykdy. Ol:
            “Gaýdyºyn gelýärkäò, puluòy ýoluòdan çykararryn” diýip alaçalary alyp
            galdy. Bazardan dolanyp gelsem tilkem ýok, zadam ýok - diýýär.
 Onsoò aýallary onuò üstüne gygyryp baºlanlar:
 - Sen nähili adam? Ýogsam bolmanda, heý, tilkidenem pul alarmyò? Tilki bilen söwda
            edeni, heý, mundan ozal eºidipmidiò? Sen ol tilkä öziòi oýnadyp, allatdyrypsyò
            diýenler.
 Soòra aýallary ony synamak üçin soòky bazara çenli ýene iki sany alaça
            dokaýarlar. Olary hem horjuna salyp, agzyny köjeºdirip, onuò ýabysynyò syrtyna
            bökderip, özüni-de ýabysyna mündürip, bazara ugradýarlar. Hudaýberdiniò bazara
            barýanyny gören hälki tilki hasyr-husur guma agynapdyr-da, ýene onuò öòünden
            çykypdyr.
 - Haý, Hudaýberdi, hirä barýarsyò, how? - diýýip gugurýar.
 Hudaýberdi gorkak:
 - Men-ä bazara alaça satmaga barýaryn- diýýär.
 Onda tilki:
 - Aý, bazara alaça äkidip ýörenden, maòa sataý - diýýär.
 Hudaýberdi gorkak:
 - Ýok, ýok men saòa alaçamy bermen, ozal hem aldap, pulumy bermediò - diýýär.
 Onda tilki:
 - Men seni hiò mahal aldan däldirin. Men bir sözümde durýändyryn. Ol seniò hakyòy
            iýen kül tilkisidir, men bolsa - gum tilkisi ahyry - diýip, munuò alaçasyny elinden
            alýar-da:
 - Häli bazardan gelýärkäò, ºu ýerde durubergin, men puluòy getirip bererin -
            diýýär.
 Hudaýberdi gorkak alaçany tilkä nesýe berip, bazara gidiberýär. Hudaýberdi bazara
            baryp, ýabysyny daòyp, ýolda alaòamy aòsat satdym diýip, bazarda arkaýyn gezip
            ýör eken. Birden jübüsiniò pulsyzdygyny ýadyna düºüp, ýaòky alaçany satan
            ýerine - yzyna gaýtmakçy bolýar.
 Hudaýberdi gorkak derrew ýabyjygyny münýär-de, bazarlap bärik gaýdýar. Ol hälki
            alaçasyny satan ýerine gelip görse, ýene tilki ýok. Durup-durup, halys peti-bizary
            çykýar, hiç gelýän zat ýok, ol ýene näalaç bolup öýüne baka gaýdýar. Ol
            öýüne ýetip gelýärkä, onuò aýallarynyò biri muny görüp, ylgap öòünden
            çykyp:
 - Ýeri, alaçaòy sag-aman satdyòmy? - diýip soraýar.
 Hudaýberdi:
 - Aý, heleý, ýene bolan däldir, wah, ýene tilki aldady - diýip, ýüzüni aºak
            sallap oturyberýär.
 Onsaò onuò aýallary “Indi muny nätsekkäk?” diýip pikir edýärler. Ahyry ikisi
            dil düwºüp, muòa batyrlygy öwretjek bolup baºlaýarlar. Bir gün agºam Hudaýberdi
            aýallaryna:
 - Men tilkiden gorkýan. Meni meýdana äkidip geliò - diýýär.
 Aýallary hem:
 - Bolýar - diýip, muny mendana äkidýärler.
 Ony öýünden gaýrarak çykarýarlar. Hudaýberdi gorkak meýdana oturýar.
            Aýallarynyò hersi bir gapdalynda duran bolup, birden, ikisi hem gaçyp gaýdýarlar.
            Ikisi-de öýe girýär-de, ºark-ºurk iºiginiò içinden urup, Hudaýberdini öýe
            salmaýarlar. Hudaýberdi gorkak bolsa daºarda: “Wah, heleý, iºiºgi aç, tilki meni
            öldürýär-le” diýip gorkupgygyrýar. Aýallary bolsa iºigi açman, öýüò
            deºiginden syrygy uzadyp:
 - Al ºunuò bilen tilkini uruber! - diýýärler.
 Hudaýberdi ony alyp, daº-töweregine bulaýlap tilkini ýanyna getirmändir. Onsoò:
 - Aý heleýler, indi iºigi açaýyò, indi meniò batyrlykda kemim galmady - diýip
            gygyrýar.
 Aýallary bolsa bir haýukdan soò, iºigi açýarlar. Hudaýberdi gorkak öýüne girip:
 - Ah, heleýler, ºeýle batyr boldum, indi men hiç zatdan gorkman - diýýär.
 ªonlukda, günleriò birinde Hudaýberdi bir ýere gidip barýar eken. Onuò öòünden
            bir eºegiò türesi çykýar, ol muny alýar-da, goltugyna salýar. Ýane-de gidiberýär
            welin öòünden bir pyºbaga çykýar, muny hem alýarda, goltugysa salýar. Ýene
            barýarka, öòünden bir meýdan horazy çykýar, muny hem goltugyna salýar. Hudaýberdi
            bu zatlary goltugyna salyp, gidip barýarka, birnäçe döwüò üstünden barýar.
 Döwüler mundan:
 - Adyò näme? - diýip soraýarlar.
 - Adyma Hudaýberdi pälwan diýerler.
 - Gel, onda otur.
 Ol oturýar. Muòa döwler:
 - Biziòem bir pälwanymyz bar, ºonuò bilen göreºip bilermiò? - diýýärler.
 - Göreºerin - diýýär.
 Döwler öz diýýän pälwanyny çagyryp, Hudaýberdi bilen göreº tutdurmaga
            baºlaýarlar. Bular göreº tutup ugraýarlar. Döwleriò pälwany Hudaýberdi pälwany
            gysyp, owradyp barýar diýýär. Munuò gözi peträp, asmana dikelip ugranda, döwleriò
            pälwany:
 - Ýeri, Hudaberdi batyr, näme ýokaryòa garaýarsyò? - diýýär.
 - Ýokaryk garaýanymyò sebäbi, seni asmandaky haýsy ýyldyzyò ýanyndan
            gaýtarsamkam, ºol hakda oýlanýaryn - diýýär.
 Onda döwleriò pälwany:
 - Aýrylaweri, sen meni öldürjek ekeniò, tüýs pälwan ekeniò, näme gerek bolsa
            aýt, ýäne meni goýberseò bolýar - diýip aýdýar.
 Bular soòra Hudaýberdi gorkaga birnäçe zatlar berýärler. Onsoò Hudaýberdi:
 - Siz meniò bilen bitiòizi deòeºdirip bilermisiòiz? - diýýär.
 Döwler:
 - Gel, deòeºderseò - diýýärler.
 Döwler bir bit çykardylar weli, hakyt ýumruk ýaly bar diýýär. Hudaýberdi pälwan
            bolsa, hälki ýoldan alan pyºbagany çykaryp goýberiberýär.
 Döwler:
 - Bä, bu biziòkiò çeni-çaky däl eken-ow, gapak dagy baglap gidipdir-aý - diýiºip,
            içlerini çekip, geò görüp, haýran bolup duranlar.
 Ondan soò Hudaýberdi:
 - Geliò indi bürämizi deòeºdireliò - diýýär.
 Döwler:
 - Geliò-de, geliò - boluºýarlar.
 Döwler büresini çykarýarlar weli, bu hem ýumruk ýaly bolup, pasyrdap uçup gidýär.
            Hudaýberdi bolsa: “Büre diýip, ine, muòa aýdarlar” diýýär- de hälki horazy
            çykarýar weli, döwileriò gözi hanasyndan çykaýjak bolýar.
 Döwler:
 - Bä, buýa kekeç-mekeç baglap gidipdir, biziòki dagy munuò ýanynda çagasyça-da
            ýok - diýiºýärler.
 Soòra Hudaýberdi döwlere:
 - Belki, goltygyòyzyò gylyny deòeºdirersiòiz - diýýär.
 Döwler hem:
 - Deòeºdiräýeris - diýýärler.
 Döwler çykaryp görkezdiler weli, uzynlygy bir sere dagy bar diýýär.
  Hudaýberdi
            bolsa hälki eºegiò türresini çykarýar-da: “Ine, meniò goltugymyò gyly-ha ºunuò
            ýaly” diýýär. Döwler haýran galyp:
 - Bä, munuòky türre-mürre baglap gidipdir-how - diýiºýärler.
 Ýene-de Hudaýberdi:
 - Siz meniò bilen ýeriò ýagyny çykaryºjakmysyòyz? - diýýär.
 Döwler:
 - Çykaryºjak - diýýärler.
 Onsoò Hudaýberdi gorkak hälki ýumurtgany döwlere görkezmän bir ýere gömüp
            goýýar-da, soòam baryp depip goýberýär weli, ýumurtganyò sarysy çogup sarysy
            çogup çykdy duruberdi.
 Döwler haýran galyp:
 - Päheý, büýä ýeriò ýagynam çykaraýdy, how - diýiºýärdiler.
 Döwlerem ºeýtjek bolup näçe diýseò, ýeri depýärler weli, ýöne sarsyp dur
            diýýär, asyl çykýan zat ýok.
 Hudaýberdi:
 - Geliò, indi agaç ýykyºalyò!- diýýär.
 Döwler:
 - Geliò-de, geliò - boluºýarºlar.
 Döwler bir depip goýberýärler welin,bir agaç ýykylýar.
 
  Hudaýberdi bolsa gelýärkä, ýoldan bir kültem
            ýüp tapan eken. Ana, onsoò ol ºol ýüpi alýar-da, ähli agaçlaryò daºyna
            aýlaºdyryp baºlaberýär. Döwler muny görüp:
 - Ýeri, Hudaýberdi pälwan, sen näme iº etjek bolýarsyò? - diýýärler.
 - Men siz ýaly ýeke-ýekeden ýykyp durman, barysyny birden ýykjak otiryberjek -
            diýýär:
 Döwler:
 - Aý, zalywat hudaýberdi pälwan, goýaweri, biziò atamyzdan galan saýalyk
            agaçlarymyzyò baryndan dyndyrjak bolýarmyò - diýºip muny aýyrýarlar.
 Onsoò döwler:
 - Indi sen hem biziò bilen hem nahar hem iýiº, ºonda-da utsaò, biz saòa boýun -
            diýýärler.
 Hudaýberdi:
 - Geliò bäri, men taýýar - diýýär.
 Onsoò kryk gulakgazany palawdan dolduryp, döwler birigip, iýip ugraýarlar weli, hiò
            tükedip bilmeýarler. Gazany Hudaýberdiniò öòünde getirip goýýarlar. Olam iýen
            bolup ugraýar-da, döwler çykan wagty çykyr köwüp, gazanyò içindäki aºy ºoòa
            dökýär-de oturyberýär. Döwler iºikden gelenlerinde gazanyò düýbüni ýalan bolup
            durýar. Döwler muny görüp, “Be-ýe, büýä-ä eýýäm iýäýpdir” diýip haýra
            galýarlar.
 Onsoò döwler:
 - Muny agºam ýatanda öldüreliò, ºeýdip, agzybirlik bilen ýok edäýmesek bu bize
            hezil bermez - diýip, özara maslahatlaºýarlar.
 Agºam ýatar wagty bolar welin, Hudaýberdi hem possuny ýapynyp ýatyberýär. Ol gije
            uka gidensoò, döwleriò öldürmäge barjakdygyny bilip, possunyò aºagyna bir uly
            daºy salyp, üstini ýapyp goýýar-da, özi beýle ýanynda ýatýar. Gijäniò bir
            wagty döwler baryp, ýaòky ýatan posunly daºy taýak bilen urmaga baºlaýarlar. Olar
            urup, urup: “Indi-hä öldüren bolsak gerek” diýºipdirler.
 Hudaýberdi bolsa, ertir irden döwleriò iºiginden gelip:
 - Beý, agºam ýagyºjagaz ºytyr-pytyr edäýdi öýdýän, hiç arkaýyn ýatyp
            bilmedim-aý - diýýär.
 Döwler:
 - Bä, ºony hem ºytyr-pytyr bilýän bolsa, muòa näme alaç etmek bolarka?! -
            diýiºip pikirlenýärler.
 Ertisi agºam Hudaýberdi pälwan küde edip basylan çöpüò içinde ýatýar. Ýene
            döwleriò barjagyny bilip, içine uly bir daº goýup, özi beýlede ýatýar. Döwler
            baryp, çöpi otlaýarlar.
 Özlerem: “Indä-ä dynaýan bolsak gerek” diýiºýärler. Hudaýberdi pälwan bolsa
            ertisi ýene döwleriò ýanyna barýar-da:
 - Bä, agºam inim gaty gyzdy-ow, men näsaglaýypdyryn öýdýän - diýýär.
 Döwler:
 - Islän zadyny berip, ºuny aman-sag öýüne eltip geleliò - diýºip, horjuny zatdan
            dolduryp, bir döwiòem üstüne mündirip, Hudaýberdiniò öýüne ugraýarlar. Ony
            göterip alyp gelýän döw:
 - Hudaýberdi pälwan, sen ºunça iýýärsiò weli, hiç agramyò ýokla? - diýýär.
 Onda ol:
 - Agramymy salamok, gökde ýüpüm bar, ºondan aslyºyp gelýärin - diýýär.
 Onda döw:
 - Hany, ýüpden aslyºman, agramyòy at, göreýin - diýýär.
 Hudaýberdiniò bilinde bir janujak pyçagy bar eken. Alýar-da ºonuò bilen düýbüniò
            gerºine basyberýär.
 Döw:
 - Haý, alywat, ýüpüòe ýapyºaweri! - diýip gygyryberen.
 Ana onsoò, Hudaýberdi pälwan döwi münüp, öýüne baran.
 Döw bolsa muny düºüripdir-de, yzyna gaýdan. Gelýärkä, ol döwüò öòünden
            hälki mekir tilki çykyp:
 - Ýeri-ow, döw dost, nireden gelýärsiò? - diýip soraýar.
 Döw:
 - Hudaýberdi pälwany öýüne eltipgelýarin - diýýär.
 Tilki:
 - O nähili pälwan bolýarmyº, ol-a bir barypýatan gorkak ahyry.
 - Aý, ýok, ol zor how, biz-ä oòa bir topar zat berip, zordan sypdyk.
 - Beýle bolsa, ýör, onda zadyòyzy alyp bereýin, siz oòa Hudaýberdi pälwan
            diýýän bolsaòyz, biz oòa Hudaýberdi gorkak diýýäris. Men munuò alaçasyny bazara
            barýarka, her gezek aldap elinden alýaryn - diýen.
 Döw onda-da ynanmaýar.
 Tilki döwe:
 - Ynanmasaò, boýnuma ýüp sal-da, bir ujuny özüòe daòaý - diýýär.
 Tilki ºeýdip, boýnundan ýüp saldyryp, döwiò öòüne düºüp, Hudaýberdiò
            öýüne ugraýar. ªol wagt Hudaýberdi tamyò üstüne çykyp duran eken. Ol döwi yzyna
            tirkäp gelýän tilkini görüp:
 - Haý tilki - diýip gygyrýar.
 Tilki Hudaýberdä hä berýär.
 Hudaýberdi:
 - Ataò maòa üç döw bergisi barka, getirýäniò ýekeje döwmi? - diýip gygyran.
 Ýaòky döw:
 - Sen meni ataò bergisine bermek üçin getirýän ekeniò - diýip, tilkiniò boýnyna
            daòylgy ýüpi özüne tarap çekýär-de, ony penjesine alyp, ras ýeriò ýüzüne
            bulap urýar-da, ökjäni göterýýär.
 Hudaýberdi ºeýdip, pälwan hem batyr adyny alanmyº.
 
 Ertekileri suratlar bilen bezän suratçy Olýa
            Mämmedowa    |