| KAKNUSUÒ HEKAÝASY
 Kaknus täsin geò bir
            guºdyr. Watany bolsa Hindistandadyr. Uzyn, güýçli bir çüòki bardyr. Ol çüòkde
            tüýdükdäki ýaly deºikler görersiòiz. Ýüz töweregi deºikler bardyr. Hemem bu
            guºuò taýy-da ýokdyr; ýalòyzdyr bu guº! Her deºikden  bir-birinden tapawutly ses çykar; her sesdenem
            aýry owaz eºdiler. Bütün guºlar ümsümlige bürenerler. Onuò sesiniò
            ajaýyplygyndan hemmesiniò akyly baºyndan gider. Bir filosow bardy; epesli wagt onuò
            bilen oturyp turdy we onuò sesini gaýtalap saz bilimini kämilleºdirdi. Bu guºuò
            ömri müò ýyla ýakyndyr. Öljegini duýar, bu guº. Ölüminiò gelenini bilip,  özünden umydynyu kesenden soò, çöp-çalam
            toplar, olary  töweregine üýºürer. Soòra
            ortasynda oturyp, ýüzlerçe nagmalar bilen perýada baºlar. Ruhunyò her boºlugyndan
            dertli, bir-birinden tapawutly nagma çykar. Hem perýat eder hemem ölüm derdinden gazal
            ýapragy ýaly titrär. Onuò perýadyny duýup, eºiden bütin guºlar onuò
            joºgunlygyny gören bütin ýyrtyjy haýwanlar ýykylyp, 
            ölerler. Hemmesi onuò agysyna aglar, bir bölegi bolsa güýçsiz, takatsyz
            ýagdaýda garºysynda ölüp gider. Onuò wepat güni geò bir
            gündir. Köòülleri ýakýan perýadyndan köòüllerden ganlar damar. Iò soòunda bir
            demlik ömri galanynda bar güýji bilen ganatlaryny çyrpar. Ganatlaryndan uçgunlar
            syçrar, ýanar, ýalawlanar. Ol ýalaw töweregindäki çör-çöpleri tutaºdyrar; bu
            ºekilde ýanar gider. Külde bir üçgun ýaljagam ot galmanynda, ol külden täze bir
            kaknus guºy emele geler. Heý kime beýle bir zat nesip eder? Öleniòden soò dogmak,
            ýa-da dogurmak! Türkmençä terjime eden Döwlet Amangeldiýew     |