|   Halk arasynda Seýit Jemaleddiniò metjidi ady bilen belli bolan bu
            ymaratyò galyndylary Änew ºäherçesiniò gündogarsynda ýerleºýär. Arheologik
            maglumatlar Günorta Türkmenistanyò eneolit zamanynyò ýadygärliklerini “Änew
            medeniýeti” diýen at bilen ylmy dolanyºyga girizmäge mümkinçilik berdi.  Ansambly dört desga - metjit, onuò öòündäki gabyrüsti we beýik
            gümmezli zaly bolan iki sany jaý emele getiripdir. Bu çylºyrymly desga metjidiò,
            guburhananyò, medresäniò we hanakanyò wezipelerini ýerine ýetiripdir.  Änewdäki metjidi öwrenmegiò baºlangyjyny 1886-njy ýylda W.A.
            Žukowskiý baºlapdyr.1904-nji ýylda harabaçylygy R. Pompelliniò amerikan
            ekspedisiýasy gazypdyr. Sonky ýyly A.A. Semýonow metjidiò gysgaça beýanyny hen-de
            ony öwrenmäge çakylygy çap etdiripdir. 1920-nji ýyllarda A.A. Karelin we W.R.
            Tripolskiý deformasiýanyò we weýranlanmagyò sebäplerini barladylar, inžener S.S.
            Sklaýarowskiý bolsa çyzgysyny ýerine ýetirdi. Ýadygärligi konserwasiýa etmek
            iºlerini dürli wagtlarda W.R. Tripolskiý we N.M. Baçinskiý amala aºyrdy. 1947-nji
            ýylda M.Ý. Massonyò ýolbaºçylygy astynda Günorta Türkmenistan arheologik
            kompleksleýin ekspedisiýasy ansambly çuò we hemmetaraplaýyn öwrenmek iºini
            geçirdi. ªonuò netijesinde-deençeme makalalar we G.A. Pugaçenkowanyò giòiºleýin
            monografiýasy (1959 ý.) peýada boldy. Metjidiò portalynyò ýokarsynda Horasanyò hökümdary soltan Abul
            Kasym Babyryò (1446-1457ý.) ady getirilipdir. Ondaky ýazgyda ºeýle diýilýär:”Bu
            gurluºyk beýik soltan, öz halklarynyò eýeleri, ýurtlaryò we asyrlaryò penakäri
            Abul-Kasym-Bayr Bahadur han patyºalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiò özi
            onuò häkimiýetini we onuò paryºalygyny ebedileºdirsin”.  Beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” Muhammet diýen biriniò
            öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wa-d-diniò ýadygärligi üçin öz seriºdeleri bilen
            1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär. G.A. Pugaçenkowa metjidiò ýüzündäki ýazgyda ady gelýän
            Muhammedi soltanyò weziri bolan Muhammet Hudaýdot bilen bir diýip ynandyrýar, özi-de
            onuò bu ýerde jaýlanan kakasy Jemaleddiniò doglan ýeri Änew eken diýýär. Desga
            gurlup tamamlanmandyr, çünki soltan Babyr ölenden soò (1457 ý.) özara uruºlar we
            weýrançylyklar döwri baºlanypdyr.  Oòat biºen kerpiçden bina edilen metjit keramik mozaika bilen we
            syrça bilen gysganylman bezelipdir. Beýik portalynda inli depesi çowly arasy bolan
            metjidiò gapysy howlynyò içine tarap açylýar eken. Gapynyò arkasynda ellistik
            gümmez bilen örtülen inedördül (taraplary 10,5 metr) zaly bolupdyr. Gümmez çekili
            arkalaryò we konstruktiw taýdan tamamlanmadyk stalaktit dekorasiýaly paruslaryò
            üstüde durýar eken. Peºtagy demirgazyga bakdyrylypdyr we jaýyò jümmüºinde
            günorta diwaryò ýüzünde syrçalar bilen bezelen mährap bolupdyr. Onuò gapdallarynda
            günorta diwaryò ýüzünde insizje tagçalar edipdirler, olar diwaryò daº ýüzüne
            çykytly edilipdir. Metjidiò beýleki iki diwarynda hersinde ikiden inli çuò tagçalar
            edipdirler. Bu tagçalar hem hüjreli sokol etažynyò derejesinde metjidi üç tarapyndan
            gurºan eýwanyò içine çykytly edilipdir. Iki gapdalynda oòa goºulyp guralan gurluºyklar metjidiò portalynyò
            öòündäki giò howlyny gabsapdyr. Olaryò gümmezli zallary (diametri 7 metr töweregi)
            iki etažynda hem kiçeòräk otaglar bilen gurºalypdyr. Portalyò ýozaik bezeginiò çeperçilik özboluºlylygynyò uly
            gymmaty bolupdyr. Ol bezegde arkanyò, üstünde bir-birlerine tarap kellelerini uzadyp
            süýnüöip gelýän iki sany eýmenç görnüºli aždarhanyò ºekili çekilipdir.
            Olaryò sarymtygarak göwresi ownuk ösümlik nagyºly garamtyl-mawy mozaik düºegiò
            üstünde towlanyp barýat, ol ownuk ösümlik nagyºlary fantastik janawarlaryò her
            biriniò açylan agzyndan baºlanýar. Jaýyò öò ýüzündäki monumentel sungatda ºuòa meòzeº
            aždarhalaryò ºekillendiriliºiniò nusgasy Orta Aziýada baºga ýok. Änew metjidinde
            aždarhalaryò ºekillendirilmeginiò manysyna has ynamlyrak düºündiriºi G.A.
            Pugaçenkowa berýär. Ol “munuò özi XV asyrda Änew töwereginde ýaºan ... esasy
            türkmen taýpasynyò totemidir, ähtimal Änewde jaýlanan ºeýh Jemaleddin hem ºol
            taýpadan bolandyr“ diýip hasap edýär. Bu metjidiò gurluºygy hakda ýerli ilatyò arasynda ur döwürlerden
            bäri ºeýle rowaýat dowam edip gelýär:”Bir wagtlar ºäheriò gala diwarynyò
            düýbünde bir agaç dikilip, ondan uly jaò asylyp goýlupdyr. Baºyna iº düºen her
            bir ýolagçy jaòy kakmak bilen ºähere duýduryº berýär eken, ilat bolsa oòa
            kömege gelip, baºyna düºen iºden ony halas edýärler eken. Bir gezek adalatly we
            parasatly Jamalyò ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaòyò gaty we howsalaly
            kakylýandygyny eºidipdirler. Derwezäniò agzyna ylgaºyp gelenerinde olar ägirt uly
            towlanyp duran aždarhanyò jaòy kakandygyny görüpdirler. ªunda ol aždarha bir zady
            görkezýän ýaly edip, daga tarap ümläpdir, soòra bolsa märekäniò arasynda elleri
            paltaly we byçgyly duran iki ussa tarap ümlenip, daga tarap ugrapdyr. Patyºa aýal
            Jamal ussalara aždaranyò yzy bilen gitmegi buýrupdyr. Bular daga baranlarynda, agyr
            jebir çekip ýatan baºga bir aždarhany görüpdirler : ol uly dag geçisini diriligine
            ýuwdupdyr, emma onuò buýralay ºahlary aòryk geçmän, aždarhanyò bokurdagyna
            iliºip galypdyr. Edermen ussalar aždarhanyò açylyp ýatan agzyna girip, dag
            geçisiniò ºahlaryny byçgy bilen kesip aýrypdyrlar we geçiniò etini böleklere
            bölüºdiripdirler whem-de aždarhany jebirden gutarypdyrlar. ªundan soò birinji
            aždarha ussalary hazynadan doly bolan bir derä eltipdir we olara ºol hazynadan
            gereklerini hem-de göterip bilenlerini almaga ygtyýar beripdir. Ertesi ºäheriò ilatyny ýene-de jaòyò sesi oýadypdyr. Olar
            galadan çykanlarynda iki aždarhany hem görüpdirler, ol aždarhalar köp altyn we
            gymmatbahaly daºlary alyp gelen ekenler. Olar bu zatlary patyºa aýalyò öòünde
            goýup, özleri ýene daga tarap gidipdirler. Jamal bu gymmatbaha zatlardan uly metjit
            gurmagy we onuò peºtagynda ºu zatlary beren aždarhalaryò ºekilini çekmegi
            buýrupdyr. Rowaýatda aždarhalar Änewiò ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde
            görkezilýär, olaryò ºekili bolsa ýykylan metjidiò ýüzündäki ýazgyda
            atlandyrylyºy ýaly “Gözellik öýüni” gorap saklapdyrlar.”   |