| HAKYKY MUGALLYM DÖWLET HAZYNASYDYR
 Ylym, bilim üçin sarp edilen gijeleriòhalkymyz üçin ýagty gündiz bolup
 gaýdyp geljegini hergiz unutmaò!
 Saparmyrat Türkmenbaºy 1. Sapagy käýinçden, igençden baºlamaò. Bir okuwça käýinseòiz,
            ol beýlekileriò keýpine ýaramaz täsir eder. Soò näçe jan çekseòiz-de, täze
            sapak maksadyna ýetmez. Sapagy keýpli baºlamaga çalºyò. Bu klasda iºjeòligi,
            gyzyklylygy üpjün eder. Eger bir okuwçynyò tertibi bilen bagly gürrüòleºmek
            zerurlygy ýüze çykan bolsa, ony sapagyò soòunda berjaý ediò. 2. Okuwça gahar edip, sesiòize bat bermäò. “Gahar-gazap”
            diýlendir. Ol seniò pedagogik mümkinçiligiò tamamlananlygynyò görkezijisidir. 3. Birmeòzeº sapaklardan ägä boluò. Ol okuwçyny bezikdirer.
            Sapaklaryò her biriniò özboluºly bolup, okuwçynyò ºatlygyna öwrülmegini gazanmaga
            çalºyò. Munuò üçin dürli usullary gözläò. Könelerimiziò “Her gülüò bir
            ysy bar” diýen pähimine üns beriò. Bäsdeºlik, oýun esasynda guralan sapaklar
            çagalary hiç wagt biparh goýmaýar. 4. Sapaklardaky öwüt-ündewleriòiz bilen öz hereketleriòiz hemiºe
            deò gelsin. Ýogsa, “okan namazyò ürküzen gurbagaòa degenok” diýleni bolar.
            Beýik Magtymgulynyò “Magtymguly, ilki özüò düzetgil, özüòi sen özgelere göz
            etgil” diýmesi ýöne ýerden däldir.  5. Ähli okuwça bir göz bilen garamaga çalºyò. Çaga kalbynyò
            adalatlylygyò çelgisidigini her wagt ýadyòyzda saklaò. 6. Okuwçylaryò baºyny sypalamagy endik ediniò. Bu hereket mugallym
            bilen çaganyò arasynda mähirli gatnaºygy döretmekden ötri, çaga psihologiýasyna
            oòaýly täsir edýär. 7. Hiç wagt okuwçydan kine saklamaò. Kineçil adam mugallym bolup
            bilmez. 8. Akyldarlar haýsy-da bolsa bir taraplaýyn zehinsiz çaganyò
            bolmaýanlygyny aýdýarlar. Eger ºol çaganyò zehini ýüze çykmaýan bolsa, onda
            mugallymyò özünde zehin ýetmezçilik edýändir.  9. Okuwçylardan ºugulçy (çawuº) tutunmaò, döwlen ýa zaýalanan
            mekdep inwentarynyò günäkärini ýüze çykarmak üçin, olardan ýoldaºyny aýtmagyny
            talap etmäò. Çünki bu ýagdaý soò endige öwrülip, çagada ºugulçylyk, adam
            ýamanlamak gylyklary emele getirer. Bu babatda okuwçylarda ýalòyºlaryny mertlerçe
            boýun almak häsiýeti terbiýeläò. 10. Okuwçylara talabediji we geçirimli, özüòize talabediji hem
            geçirimsiz boluò. 11. Mugallym käri döredijiligi talap edýär. Ol hemiºe gözlegde
            bolmalydyr. “Deòdeº agzalaryò” sadadan düºnükli kesgitlemesini tapmak üçin
            alty aý kösendim. Ahyrynda-da Marynyò demir ýol wokzalynda otla garaºyp otyrkam, ºol
            gymmatly pikiri tapmak miýesser etdi. 12. Mugallym ol ýa-da beýleki ideýa babatda okuwçylaryò özi bilen
            gutulgysyz ylalaºmagyny gazanjak bolup jan çekmeli däldir. Gaýta dürlüçe
            pikirlenýän okuwçylary höweslendirmelidir. Çünki jemgyýeti ösdürmek üçin gullar
            däl-de, eýsem, oýlanýan, agtarýan, tapýan döredijiler gerek. 13. Käbiri okuwçylary sapakda hemiºe juda ümsüm oturtjak bolup azara
            galýar. Özüm-ä sus geçýän sapakdan ºowhunly, janly sapaklary ýüz mertebe gowy
            görýärin. Ýogsa-da, “oglanly öý bazar” diýlipdir ahyry.  14. Mugallymlaryò arasynda çaganyò ata-enesini kemsidýänleri-de käte
            duºaýýar. Ata-ene çaganyò Kyblasydyr, Käbesidir. Mukaddeslige dil ýetiren mugallym
            çaganyò iò bir ýaramaz görýänine, ganymyna öwrülýär. 15. Klas - maºgala, mugallym bolsa maºgalabaºydyr. Her bir maºgala
            agzasynyò biri-biriniò ynamyny, duýgudaºlygyny, goldawyny duýup durmagy üçin
            maºgalabaºynyò tagallasy zerur. 16. Agzy bir bolan kollektiwiò bar ýerinde çözülmejek düwün,
            böwsülmejek böwet, alynmajak “gala” bolmaz. 17. Hakyky mugallym gündelik iºiniò bütin dowamynda ýadawlygy
            duýmaýar. Ol öz argynlygyny diòe iº gününiò ahyrynda duýup galýar. 18. Okuwçylaryò käbirinde göwnüçökgünlik güýjüne ynam etmezlik
            ýaly häsiýetler bolýar. Mugallym ºeýle okuwçylaryò her birine göwnüçökgünlik
            hem ynamsyzlyk gulpunyò jadyly altyn açarjygyny bermelidir. 19. Okuwçylara maksatly ýaºamagy öwretmekden ötri, mugallymyò özi
            maksatly ýaºamaklygy endik edinmeli. 20. Mugallymyò berýän aò-bilimi çaganyò bütin durmuº ýoluny
            ýagtylandyrmaga ýetmelidir. 21. Käbir mugallym okuwçylardan diòe bir günlük öòde barýar. ªu
            gün temany mugallym okap öwrenýär. Ertir-de okuwçy. Ýaltalyk hem mugallymçylyk bir
            ýerde ýaºap bilmez. 22. Çaga “nadan” diýýän terbiýeçiniò özi ºol derejä
            degiºlidir. Ýogsa-da, Magtymguly atamyz “Kiºini kemsideniò özi näkesdir”
            diýmänmi näme!? 23. “Baºarmarsyò, bilmersiò” diýen sözler mugallymyò diline
            alynmaly däldir. Mugallym hemiºe okuwçynyò göwnüni götermäge çalyºmalydyr.
            Göwni galkyjaklaýan çaganyò bolsa bitirmejek iºi, ýetmejek menzili bolmaz. 24. Mugallym hatda okadyp ýören okuwçysyndan hem öwrenmelidir. 25. Muhammet pygamberiò sözleri bilen aýtsak, “Tä gabra çenli
            okamaly ynsanyò” öòbaºçysy mugallym bolmalydyr. 26. Eli kitaply mugallymyò okuwça eli boº mugallymdan eziz
            görünýändigini unutmaò. 27. Eger-de ýürekden söýülmegiòizi isleýän bolsaòyz, onda
            özüòiziò-de çagalary ºeýle derejede söýmegiòiz gerek. 28. Çaga hiç haçan agyr söz aýtmaò. Olaryò kalby aýna mysalydyr.
            Aýna bolsa seýik tutmaýar. 29. Çaga uly adamlar kibi garaò. Çünki oglansyradylýandygyny aòan
            çaga özüni kemsidilýän hasaplaýar.  30. Okuwçylar size syr ynanýarlarmy, diýmek, siz olaryò hakyky
            halypasysyòyz. 31. Aýratyn bir okuwçyny dost tutunmaò. Munuò özi beýlekileriò size
            bolan ynamynyò synmagyna getirip biler.  32. Watana, il-güne bolan söýginiò gory maºgalada tutulýar. Ol gory
            tükeniksizlige öwürmekde mugallymlara kän hyzmat degiºlidir. 33. Özüòizde ýaramaz endikleriò bardygyny aòan halatyòyzda olardan
            saplanmaga çalºyò. Ýaramaz hereketleriò ýokanç kesel ýaly çagalara
            ýokaºýandygyny ýatda saklaò.  34. Bihuda geçen wagty yza dolap bolmaýandygyny, günüò her bir
            minutyny peýdaly iºlere sarp etmelidigini çagalara düºündiriò. Bu jähtden bir
            minutlyk dymyºlyk yglan ediò. Munuò örän köp wagtdygy onuò dowamynda kän iºleri
            amal edip boljakdygy ºonda aýan bolar.  35. Çagalarda baºlan iºlerini ahyryna çenli bitirmek endiklerini
            terbiýeläò. Goý, “Gyssanan iki iºlär”, “Ýedi ölçe-de, bir kes” diýen
            halk nakyllary olara hemiºe nusga bolsun. 36. Okuwçylaryòyzda her bir meseläni sowukganly, pähim-päýhasly
            çözmek häsiýetlerini terbiýeläò. Goý, “Gyssanan iki iºlär”, “Ýedi
            ölçe-de, bir kes” diýen halk nakyllary olara hemiºe nusga bolsun. 37. Mugallym bilen okuwçynyò arasynda “perde” bolup-da, bolman-da
            biler. Gep mugallymyò ºol “perdäniò” tutulmaly ýa-da serpilmeli wagtyny takyk
            anyklamagyndadyr. 38. Mugallym okuwçynyò halyny gözünden okamalydyr.  39. Okuwçynyò taýýarlyksyz gelenini bilip, ondan soramak dogry
            däldir. ªu ýagdaýda onuò bilen göz arkaly sözleºilip ýa-da beýleki çagalara
            bildirmezden, taýýarlyksyz gelmeginiò gowy däldigi aýdylyp, indiki sapaga çenli
            puryja berilmelidir. Beýle edilmegi onuò aýbyny duýup, tijenmegine ýardam eder. 40. Mugallym temany düºündirende, ähli okuwçynyò ünsüni sapaga
            gönükdirmegi baºarmalydyr. Eger sapagy diòlemeýän bar bolsa, siz iò bolmanda, ºu
            pursatda, onuò mugallymy dälsiòiz. 41. Sapak wagty diòlemeýäniò adyny tutup käýinmäò. Munuò özi
            beýlekileriò ünsüni sowup, sapagyò yzygiderliligini bozar. Iò gowusy, ºol okuwça
            tarap ýuwaºja ýöräp, temany düºündirmegiòizi dowam ediberiò. Ol duýan
            ýagdaýynda, ýene yza dolanyp bilersiòiz. Duýmadyk mahalynda bolsa, ºonuò deòine
            baryp, baºyny sypap gaýdyberiò. Dil sapaklarynda onuò adyny sözlem içinde öwüp
            getirseòiz-de ýerine düºer: (“Aman tertipli okuwçy”, “Juma sapagy ünsli
            diòleýär”...). 42. Dünýäde iò hormatly, iò jogapkärli hünär mugallymçylykdyr.
            Ata-eneler-de, Watan-da öz ertirki ykballaryny mugallyma ynanýarlar. Bu beýik Ynanja
            ikilik etmek bolsa haýynlyga barabardyr. 43. Mekdebi, mugallymy sylamadyk, söýmedik jemgyýetiò soòy puçdur. 44. Mekdep çagalaryò höwürtgesidir. Ol höwürtgäniò abadanlygy
            hakyndaky alada Watanyò ertiri hakdaky aladadyr. 45. Mugallym mekdebiò “ody bilen girip, küli bilen çykmaly”
            adamdyr.  46. Kollektiwden üzòeleºmek, oturan ºahaòy kesmek bilen barabardyr.  47. Zähmet rugsadyndaka okuwçysyny küýsemeýän mugallym hakyky
            mugallym däldir.  48. Ulanmagy baºarýan mugallymyò dilindäki ýumor täsirli
            terbiýeçilik seriºdesidir.  49. Okuwça el galdyrmak mertebäòi peseltmekdir. 50. Mugallymyò iò ýakyn kömekçileri öz okuwçylarydyr. 51. Mugallym sözünde keramatly güýç bar. 52. Dünýäde öz-özüne heýkel dikinýän adam mugallymdyr.
            Okuwçylaryò durmuºdaky mertebesi mugallymyò heýkelidir. 53. Mugallymlary dünýä hatyrlaýar. Çünki olar Ýer ýüzündäki
            ähli ynsanyò ilkinji halypasydyr.. 54. Hezreti Magtymguly “Ýürekde ýok sözi tile getirme” diýen
            halatynda, ilkinji nobatda, mugallymlary göz öòünde tutan bolsa gerek. 55. Hirurgyò esasy ýaragy skalpel bolýan bolsa, mugallymyòky öz
            dilidir. 56. Kitapsyz mugallym tygsyz hirurg ýalydyr. 57. Çalyò gory gutaranda bozulyºy ýaly, mugallym-da okamagyny kesende
            kütelýär. Çünki mugallymyò gory kitapdyr. 58. Ejizler jeòden, gowºak mugallymlar-da barlagçydan gorkýar. 59. Hakyky mugallymlar barlagçyny görenlerinde “Gelen döwlet”
            diýýärler. 60. Ylma barylýan ýoluò hupbatly, jebirli ýoldugyny, bu ýolda diòe
            tutanýerli kiºileriò maksada ýetip biljekdigini çagalaryò aòyna guýuò. Bu babatda
            türkmen ºahyry Gurbannazar Ezizowyò “Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýen
            setirini olaryò dykgatyna ýetiriò. 61. Okuwça boº wada bermäò, sebäbi boº wada sypaýyçylykly ýalan
            sözlemekdir. 62. Süýjüdillilik mugallymyò bezegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem,
            onuò çaga kalbyna aralaºýan açarydyr.  63. Mugallymyò okuwça goýan ikiligi özüne goýan bahasydyr. 64. Çaga zähmetini bahalandyrmakda sahylyk ediò. Çünki
            ýokarlandyrylan baha berilýän okuwçylarda soòabaka ºol baha mynasyp bolmak endigi
            döreýär.  65. Bahasyny gysmak bilen okuwça täsir etjek bolýan mugallymlar
            ýalòyºýarlar. Barybir pes baha aljagyny bilýän çagalarda okamak höwesi gaçmak
            bilen bolýar.  66. Siziò aýlyk hakyòyzyò köpeldilmegini hemiºe isleýºiòiz ýaly,
            okuwçylar-da bahalarynyò ýokarlanmagyny isleýärler. 67. Ýokarlandyrylan bahalar okuwçylaryò höwesini artdyrýar. Kemis
            goýulýan bahalar bolsa olarda diòe biparhlygy, passiwligi döredýär. 68.Aò-bilim, terbiýe bermek iºinde baha mugallymyò esasy ýaragydyr.
            Munda sahylyk eden ýeòiº gazanar. 69. Käbir mugallymlaryò guraksy sapaklarynda 45 minut okuwçy üçin
            göýä 45 sagada dönýär. Bu okuwçy üçin çekip bolmajak ezýetdir. 70. Janly, täsirli geçýän sapak okuwçylary joºa getirýär.
            Tamamlanan pursatynda-da ýürekden gynandyrýar. 71. Çaga kalbynyò hesretine öz hesretiòiz ýaly syzmaga çalºyò.
            Dilden we goldan gelýän hemaýatyòyzy olardan gaýgyrmaò. 72. Käriòizi söýüò, ony sungat derejesine götermäge çalºyò.  73. Hakyky mugallymlaryò her biri döwletiò hazynasydyr. 74. Göýdük terbiýeçiler göýdükleri ýetiºdirýärler.  75. Okuwçylara ukyplaryna görä jemgyýetçilik ýumuºlaryny beriò.
            Düzgüne-tertibe, arassaçylyga, nobatçylyk ediliºine, çeper eserleri okaýyºlaryna,
            okuwçy formalaryna, okuw esbaplarynyò, mekdep inwentarlarynyò saklanylyºyna, diwar
            gazetleriniò çykarylyºyna gözegçilik etmek... ýaly tabºyryklary okuwçylar hemiºe
            uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. 76. Okuwçylarda hemiºe aýawlylygy terbiýeläò. “Isrip-haram”
            nakylyna olaryò dowamly eýermegini gazanyò. 77. Mugallym täze adamy kalby bilen ýetiºdirýär. 78. Mugallym uzak ýyllaryò dowamynda mährini çagalara paýlap
            ýörºüne, ahyry ºol mähre özi hem mätäç bolup galýar. 79. Sapaklarda öwrediji oýunlardan peýdalanyò. Çaga tebigatyna
            golaýlygy üçin oýun arkaly öwredilýän temalar ýeòil özleºdirilýär. 80. Mugallym okuwçylaryny öz çagalaryny tanaýºy ýaly tanamalydyr. 81. Ene, ata, mugallym, okuwçy - dördüsi sazlaºykly hereket
            edenlerinde, diòe ºu halatda öòde goýlan maksada ýetiler. 82. Jemgyýet mekdebiò ynjysy bilen ynjyly, derdi bilen dertli
            bolmalydyr.  83. Terbiýede hem durmuºda maýda mesele bolmaýar.  84. Mugallym okuwçysy bilen jedele girse, hemiºe günäkär özüdir. 85. Hat ýazyºynda-da, geýniºinde-de, özüni alyp barºynda-da
            okuwçynyò mugallymyna meòzäsi gelýär. 86. Hakyky kollektiw birek-biregiò begenjiniò, hasratynyò
            paýlaºylýan ýeridir. 87. “Bar zady bilýän” diýýän mugallymdan, “Köp zady bilemok”
            diýýän mugallym ileridir. 88. “Pylanynyò mekdebi”, “Pylankesiò okuwçysy”, “Pylan
            mekdebiò uçurymy” düºünjeleri mugallymyò we mekdebiò hil nyºanydyr. 89. Mugallyma diòe partada oturanlar däl, eýsem, ulular-da mähir bilen
            “mugallym” diýip ýüzlenýärler.  90. Sapagy gurak geçýän mugallym öz sapagynda okuwçylaryò neneòsi
            ezýet çekýändiklerine diòe partanyò aòyrsyna geçip, özi ýaly mugallymyò
            sapagyna gatnaºanda göz ýetirip biler. 91. Sapak wagtynda mugallym öz ºahsy hasratyny unutmalydyr. 92. Igenjeò mugallym okuwçyny irizer. 93. “Durmuºdan, döwürden yza galaýmaýyn” diýen ünji hakyky
            mugallyma ynjalyk bermeýän böwür sanjysydyr. 94. Mugallymyò baýlygyny maly däl-de, ruhy kesgitleýär. Ruhy taýdan
            iò baý adamlar mugallymlardyr.  95. Mugallym aò-bilimiò çeºmesidir. 96. Mugallym gerek ýerinde yza çekilmegi hem baºarmalydyr. 97. Mugallym üçin okuwçysynyò ynamyndan gaçmakdan hatarly howp
            ýokdur. 98. Her bir okuwçynyò durmuºdaky ornuny tapmagynda mekdep esasy çelgi
            bolmalydyr. 99. Her sapak okuwçyny öòküsinden birneme bagtly etmelidir. ªol
            pursaty çagalaryò gözlerinden okaýan mugallym-da iò bagtly mugallymdyr. 100. Jemgyýet süýt bolsa, mugallym onuò gaýmagydyr. Gaýmagyò
            boldumlylygy bolsa süýdüò hiline baglydyr.      |